Medeniýet
04.12.2023
23386
Magtymguly Pyragy – şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň baş gahrymany
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda talyplaryň we mugallymlaryň işleriniň 2023-nji ýyl üçin hasabat sergi-bäsleşigi geçirildi.
03.12.2023
6370
Aram Haçaturýanyň döredijiligine bagyşlanan konsert
Bu ýyl tutuş adamzat görnükli kompozitor Aram Haçaturýanyň doglan gününiň 120 ýyllygyny belleýär. Aram Haçaturýan üç simfoniýanyň - «Bagt», «Gaýane», «Spartak» baletleriniň, alty konsertiň, skripka, wiolençel we fortepiano üçin dürli pýesalaryň awtorydyr. SSSR-iň halk artisti, Lenin baýragynyň we Döwlet baýraklarynyň bäşisiniň eýesi A.Haçaturýan - şol döwrüň baýraklarynyň ählisine diýen ýaly mynasyp bolupdy.
02.12.2023
9559
Internetde «Magtymguly Pyragy» portaly açyldy
«Magtymguly Pyragy» portalynyň döredilmegi Gündogaryň beýik akyldar nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça çäreler meýilnamasynyň esasy wezipeleriniň arasynda ýer tutýar. Bu işe portalyň mazmun taýdan doldurylmagyna jogap berýän Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň portal serweriniň programma üpjünçiligine we kiber goragyna jogapkär Tehnologiýalar merkeziniň we dil goldawyny berýän ýokary okuw jaýlarynyň hünärmenleri gatnaşdy.
02.12.2023
6437
Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler
Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler. Türkmenistanlylary Günüň dogýan ýurdy, onuň medeniýetiniň özboluşlylygy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen festiwal 15-17-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler.
01.12.2023
7198
Balkanly nakgaşlaryň sergisi
Heniz lebaply nakgaşlaryň döredijiliginden galan täsirler ýatdan çykmanka, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezi balkanly nakgaşlaryň eserleriniň sergisini gurady.
30.11.2023
8069
Arkadag şäherinde «Merdana nesil – 2023» bäsleşigi geçirildi
Halkara Bitaraplyk gününiň ýetip gelmegi we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde 3–5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda geçirilýän «Merdana nesil – 2023» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.
29.11.2023
6144
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Şu hepdäniň dynç günleri dürli medeni çärelere baý bolar. 1-nji we 2-nji dekabrda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda kompozitorlar Aram Haçaturýana we Daňatar Hydyrowa bagyşlanan konsertler bolar.
27.11.2023
8348
Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni mirasy bilen tanyşýarlar
Türkmenistanda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.
27.11.2023
6397
Ýer ýüzünde parahatçylygyň habarçysy – çagalar hory
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde Aşgabat çagalar horunyň konserti geçirildi.
27.11.2023
5632
«Daragt» filmi «Listapad» Minsk halkara kinofestiwalynyň baýragyny eýeledi
24-nji noýabrda Minskide «Listapad» halkara kinofestiwalynyň jemi jemlendi. 2023-nji ýylyň ýeňijileriniň arasynda türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýrbamowyň «Daragt» filmi hem bar.