Medeniýet
15.05.2026
3902
Dynç günlerinde Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň muzeýlerinde we medeni merkezlerinde ylmy-amaly maslahatlar, tematik sergiler hem-de işewür duşuşyklar geçirilýär.
15.05.2026
3919
Sergide çeperçilik mekdebiň okuwçylarynyň işleri görkezildi
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde özboluşly sergi açyldy. Bu işleriň awtorlary hünärmen suratkeşler däl-de, eýsem, geljekde suratkeş bolmagy maksat edinýän zehinli çagalardyr.
14.05.2026
3436
Türkmen ýaşlary Pekinde geçirilen halkara festiwalda milli medeniýetiň baýlygyny görkezdiler
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Pekiniň Halkara Söwda we ykdysadyýet uniwersitetiniň (UIBE) Çenşin meýdanynda “Lead the Tide, Embrace the World” şygary astynda 22-nji Halkara Ýaşlar medeniýet Festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy.
14.05.2026
3806
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi geçirildi
Her ýyl 18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Konstitusiýa bu raýatlaryň hukugyny, erkinligini güwä geçýän we borçlaryny berkidýän Esasy kanundyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergiler zalynda türkmen ussatlarynyň suratkeşlik we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi boldy.
14.05.2026
2295
«Mähir terbiýesi» atly film Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalda ýörite baýraga mynasyp boldy
Ýaş nesliň ruhy terbiýesi baradaky temanyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçmegiň zerurlygy ýok. Ýakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň döredijilik topary ÝUNISEF-iň goldamagynda uly höwes bilen şu möhüm ahlak we ruhy tema ýüzlendi.
12.05.2026
3323
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen kino sungatyny täze derejä çykarmak, döwrebap filmleri surata düşürmek, surata düşürilýän filmleri halkara giňişlikde dabaralandyrmak üçin giň mümkinçilikler, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmak babatda amatly şertler döredilýär.
10.05.2026
5232
Türkmen hünärmenleri Trabzon şäherinde guralan halkara teatr festiwalyna bilermenler hökmünde gatnaşdylar
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen 2026-njy ýylyň 1 – 10-njy maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guralan «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna bilermenler hökmünde türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar.
10.05.2026
3875
Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi.
08.05.2026
3201
«At göçümi» atly sahna oýny görkezildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän teatr sahnalarynyň arasynda Mary welaýatynda ýerleşýän Kemine adyndaky döwlet drama teatry täze «At göçümi» sahna oýnuny görkezdi.
07.05.2026
4290
Ýurdumyzyň durmuşy nakgaş Nyýazmyrat Dowodowyň eserlerinde
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri watandaşlarymyz üçin baý döredijilik mirasyny galdyrdy. Muzeýde guralýan mowzuklaýyn sergileriň köpüsiniň onuň eserleri bilen bezelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol sebäpli hem, ýubileý sergisinde nakgaşlyk sungatynyň muşdaklaryna tanyş bolan ençeme eserler ýerleşdirilipdir.