Medeniýet
11.08.2022
6978
Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň medeni mirasyna bagyşlanan maslahat
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkeziniň we Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Ösüşiň belent ýolunda milli mirasa sarpa» at bilen maslahat geçirildi.
09.08.2022
11244
Türkmen kompozitorlarynyň sazlary OperaFirst 2022 festiwalynda ýaňlanar
Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň saz medeniýeti “OperaFirst 2022” festiwalyna gatnaşar. Şeýle uly möçberli saz forumyny 2-11-nji sentýabr aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirmek göz öňünde tutulýar.
09.08.2022
7499
Asyrlardan asyrlara dowam edýän sungat
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen dutarçylaryň we bagşy-sazandalaryň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde geçirilen tapgyry türkmen milli sungatynyň baýramyna öwrüldi. Ol Daşoguz şäherindäki iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen kaşaň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
08.08.2022
9139
Çagalar kompozitory Mämmetsapar Toýlyýew
Mämmetsapar Toýlyýew indi 30 ýyl bäri M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda sapak berýär. Çagalaryň häzirki bagtyýar döwri onuň gözüniň alnynda geçýär. Aýdymlaryň temasy-da, äheňi-de şunuň bilen kesgitlenýär.
05.08.2022
14571
«Gyzyl kürte» filmi Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara festiwalynda görkeziler
Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi 12 – 18-nji awgust aralygynda Ýekaterinburgda geçiriljek Ýewraziýa yklymynyň öň görkezilmedik filmleriniň «Altydan biri» atly Birinji Halkara film festiwalynyň çäginde görkeziljek filmleriň maksatnamasyna girizildi.
01.08.2022
11750
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
2022-nji ýylda ýurdumyzyň jemgyýetçiligi şanly senäni – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 50 ýyllygyny belleýär.
31.07.2022
28765
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
Aşgabat şäheriniň 2-nji sungat mekdebiniň çagalar hory «Jüýp, jüýp, jüýjelerim...» diýip hoş owazda aýdym aýdýar. Tomus dynç alşy bolsa-da, olar bu ýerde her gün dabaraly çärä taýýarlyk görýärler: çagalar Aşgabatda «Doşkent» seýilgähiniň açylyşyna taýýarlanýarlar.
30.07.2022
5774
Medeni duşuşyklaryň iýul tapgyry
Fransiýanyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň we Türkmenistandaky Fransiýa institutynyň (TFI) howandarlygynda iýul aýynyň dowamynda geçirilen çäreler giň gerime eýe boldy. Geçirilen dürli çäreler fransuz milli baýramlary we Türkmenistan hem-de Fransiýa üçin şanly sene – ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
29.07.2022
8602
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine ýokary derejeli haly gölleriniň ýigrimiden gowyrak naýbaşy nusgalaryny döretdiler. Bäsleşigiň şerti boýunça olaryň on üçüsi ilkinji saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi.
29.07.2022
10722
«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Gülüň owadan!» at bilen her ýyl geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çeper elli, zähmetsöýer gyz-gelinler gatnaşdylar.