Medeniýet
30.09.2021
14767
Sungata hyzmat — Watana hyzmat
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaлн uly konsert çäreleriniň hiç biremб ençeme halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi konsertmeýster Stella Faramazowasyz geçmeýär. Zehinli türkmen kompozitorlarynyň we ýewropaly saz ussatlarynyň eserleriniň ýakymly owazyndan lezzet almak üçin her gezek konserwatoriýanyň uly zalyna gelýän nusgawy sazyň muşdaklary ony gaty gowy tanaýarlar. Söýgüli pianinoçymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagy onuň özi bilen bir hatarda tomaşaçylar üçin hem hoş habar boldy.
30.09.2021
11691
Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy Astrahanda bellenildi
Astrahanda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu çäre türkmen ýaşlarynyň okaýan Astrahan döwlet uniwersitetiniň medeni merkezinde geçirildi. Onuň maksatnamasy ADU-nyň Türkmen dili we medeniýet merkezi, şeýle hem Astrahanyň daşary ýurtly talyplarн bilen bilelikde düzüldi.
30.09.2021
20159
Türkmen toý lybaslary Gazagystandaky sergide
Gazagystanyň gündogaryndaky Ust-Kamenogorsk şäherinde guralan sergide milli toý lybaslary görkezilýär.
29.09.2021
12130
Topragy mes Abiwerd
Abiwerd Demirgazyk Horasanyň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheri ilat diňe bir beýik gallary bilen däl, eýsem çuň garym bilenem göçegçileriň hüjüminden gorapdyr.
28.09.2021
9154
GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň baş baýramy mynasybetli sergi açyldy
Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde sergi açyldy.
27.09.2021
14222
Taryh we türkmen halkynyň döwlet baradaky arzuwy
Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna Gadam Kakabaýewiň adybir drama eseri esasynda “Türkmeniň ýoly” oýnuny sahnada goýdy. Gyzykly bir hakykat: ýazyjy Türkmenistanyň garaşsyzlygy bilen ýaşyt, olam 30 ýaşynda. Ähtimal, birnäçe türkmen nesliniň durmuşy beýan edilen golýazmalar bilen işläp, gijelerini ukusyz geçirýän ýazyjynyň iş otagynyň bu oýnuň başlangyjy hökmünde saýlanmagy-da hut şonuň üçindir.
25.09.2021
15284
Namazgadepäniň belent baýry
Kaka şäheriniň golaýyndaky düzlükde ýerleşýän, Köpetdagyň etegindäki belli arheologiýa ýadygärlikleri — Namazgadepe bilen Abiwerdiň arasy iki kilometre-de ýetenok.
24.09.2021
20284
Soltan Jelaletdin — Watan buýsanjy
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Soltan Jelaletdin — Watanyň buýsanjy» pýesasyna esaslanyp, Baş drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan döredilen taryhy drama, ýurt garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna özboluşly sowgady boldy.
23.09.2021
23633
«Gül-Bilbil» operasy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýewiň «Gül-Bilbil» operasy ýerine ýetiriler. Opera esas edilip şu ýyl 300 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Abdylla Şabendäniň dessany alyndy.
22.09.2021
32944
Merkezi Aziýa — milli tagamlar
Aziýanyň milli tagamlary dürli-dürlüdir, eýsem-de bolsa, olaryň özara meňzeşligi-de bardyr. Mysal üçin, bu sebitiň ähli ýurdunda tüwüdir gök önüm giňden ulanylýar. Aziýa naharlarynyň ählisini-de agzynyň tagamyny bilýänleriň mynasyp baha bermegine görä, datly tagamdyr hoşboý ys hem hoşmaza goşundylar tapawutlandyrýarlar.