Medeniýet
17.02.2021
5772
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi guraldy.
17.02.2021
24015
Gadymy sungatyň galkynyşy
Türkmenleriň dünýä belli özboluşly önümleriniň arasynda dokma ýaglyklar we gyňaçlar aýratyn orun tutýar. Dürli-dürli owadan ýaglyklaram türkmen zenanlarynyň gelniň lybasy üçin döredýän zatlaryndan kem gelýär. Ol, elbetde, elde dokalýan ýaglyk ( dogrusy, gyňaç) – möçberi boýunça iň iri we nepis gözelligi babatda gülli dokma sungatynyň hakyky eseri – düýpli gyňaçdyr, ol geçmişde türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň üstüni ýetiripdir.
16.02.2021
4383
Onlaýn görnüşde skripkaçylar üçin ussatlyk sapagy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kirişli saz gurallary kafedrasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagy boldy. Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti we professory Ruben hem-de Gagik Smbatýanlar skripkaçylaryň altysynyň saz çalşyna onlaýn görnüşde syn etdiler.
13.02.2021
7337
Ogultäç Hannyýewa: kärim – ejeme sowgadym
Türkmenistanyň halk artisti – paýtagtymyzyň teatrlarynyň üçüsiniň esasy aktrisasy bolan, görk-görmekli hem mylaýym bu zenana onuň gahrymanynyň ady bilen – Aýgül diýýärler.Ogultäç Baýramownanyň özi muny Aýgül bilen ýürek ýakynlygy sebäpli hasaplaýar, ýogsa Aýgül başgyr ýazyjysy Mustaý Karimiň hyýalynda dörän gahryman, Ogultäç bolsa, hakyky, gaýry durmuş şertlerindäki zenan.
02.02.2021
11344
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
Şu ýylyň 5-nji fewralynda zehinli türkmen ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamow aýatda gezip ýörenliginde 85 ýaş toýuny toýlardy. Ol «Borç», «Şahyryň ýaşlygy», «Lebap säheri», «Ýekäniň çaňy», «Kesapat», «Pygan», «Saýlanan eserler» kitaplaryny çykardy we beýleki eserleri döretdi. Şeýle hem «Kрокодил», «Tokmak» žurnallarynda, «Чарджоуская правда» gazetinde felýetonlardyr ýumoreskalary çykaryp, satira žanrynda-da özüni tanatdy.
31.01.2021
18520
Zenanlaryň zynat-bezegi -- ýaglyk
Enelerimiziň sandygyndaky gadymy ajap haly, tara, keşde işlerine, dürli öwüşginli gyňaçlara, atlas, ýüpek, muslin we ýüň matalara gözüň düşenden bu gözelligiň bendisi bolýarsyň.
25.01.2021
6510
Watany goramak - hormat-sarpaly kär
Dünýe şeýle gurlan-da –ildeşleriniň öýünde parahatlyk höküm sürmegi üçin serhetçiler gije-gündiz, ho
20.01.2021
10275
Sergide şekillendiriş sungaty eserleriniň ähli görnüşi görkezilýär
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň
20.01.2021
2501
Luwr Muzeýinden fransiýaly hünärmenler arheologiýa we muzeýologiýa ulgamynda tejribe alyşýarlar
19-njy ýanwarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de «muzeýologiýa we medeni h
19.01.2021
146288
Türkmenleriň örme joraplary
Nagyşly örme joraplar türkmenlerde gadymdan gelýän bolsa-da, ol halk döredijiliginde hala, keşdä, t