mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

23.01.2026

total-veiw

5312

Paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler: sergiler, kino görkezişler we teatr sahna oýunlar

Ýakyn dynç alyş günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna baý medeni maksatnama garaşýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan mowzuklaýyn sergiler dowam edýär.

news-photo

23.01.2026

total-veiw

5589

Watan goragçylarynyň waspy

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda türkmen nakgaşlarynyň we heýkeltaraşlarynyň eserlerinden ybarat bolan sergi açyldy.

news-photo

22.01.2026

total-veiw

4806

Togsana ser uran sungat mekdebi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 1-nji çagalar sungat mekdebiniň baryp 1937-nji ýylda Türkmenistan boýunça döredilen ilkinji 5 sany sazçylyk mekdebiniň biridigini entek köpler bilýän hem däldir. Bu sungat mekdebi ýurdumyz boýunça iň baýry mekdepleriň biridir. Şol döwürde bu ýerde bäş sany hünär – üflenip çalynýan saz gurallary, fortepiano, skripka, akkordeon we baýan saz gurallary boýunça çagalara sapak berlipdir. Mekdepde agşamky okuwlaryň hem guralmagy şäherde sungat meselesine düýpli çemeleşilendigini görkezýär.

news-photo

22.01.2026

total-veiw

3924

Aşgabatda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň döredilmegi bellenildi

Türkmenistanyň paýtagtynda türki dilli ýurtlaryň etnomedeni gözbaşlaryny birleşdirýän ähmiýetli waka boldy. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň «Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

news-photo

20.01.2026

total-veiw

4413

Aşgabatda hindi kinosynyň festiwaly başlandy

«Aşgabat» kinoteatrynda başlanan hindi kinosynyň festiwaly myhmanlary Bolliwudyň özboluşly estetikasyna doly aralaşmaga ruhlandyrýan filmleriň mahabatlarynyň sergisi bilen garşylady.

news-photo

20.01.2026

total-veiw

3806

«Çölleriň aýdymlary» we ussat Berdiguly Amansahatowyň ykrar edilmegi

Aşgabatda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly wakalaryň biri bolup geçdi. Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda Berdiguly Amansahatowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanan şahsy sergisi açyldy.

news-photo

16.01.2026

total-veiw

4359

Aşgabatda Mary welaýatynyň teatrynyň çykyşy boldy

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry paýtagtymyzdaky çykyşlarynyň çäklerinde «Müneçjim» atly sahna oýnuny tomaşaçylara hödürledi. Teatryň çeper ýolbaşçysy we režissýory Ata Gullarowyň sahnalaşdyran bu sahna oýny Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda görkezildi.

news-photo

16.01.2026

total-veiw

4205

Ahalteke bedewiniň gözelligine tapawutly iki garaýyş

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen we türk suratkeşleriniň çeken suratlarynyň, ýasan keramika we heýkelleriniň sergisi açyldy.

news-photo

15.01.2026

total-veiw

5775

Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar

Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar.

news-photo

13.01.2026

total-veiw

6087

Watana bolan söýgi bilen

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Üstünliklere we rowaçlyklara beslenýär Watan» diýlip atlandyrylan sergi açyldy. Serginiň gymmatlyklarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary aýratyn orun tutýar.

...363