mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

02.06.2024

total-veiw

6268

«Daýýahatyn» Ýazmyrat Allaberdiýewiň diplom işi

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň teatr bölüminiň drama režissýory hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby Ýazmyrat Allaberdiýewiň taýýarlan «Daýýahatyn» atly diplom işi oýnunyň gözden geçirilişi boldy.

news-photo

01.06.2024

total-veiw

6149

Türkiýäniň Ýozgat şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy gurnaldy.

news-photo

31.05.2024

total-veiw

5644

Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynda «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly sergi geçirildi

2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.

news-photo

30.05.2024

total-veiw

11872

Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi: döredijilik gözýetimleri

Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döreden işleriniň sergisi açyldy.

news-photo

30.05.2024

total-veiw

6883

«Daragt» filmi XVII Çeboksary halkara kinofestiwalynda baýrak aldy

Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filmi 23–29-njy maý aralygynda Çuwaş Respublikasynda (RF) geçirilen XVII Çeboksary halkara kinofestiwalynda eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

news-photo

30.05.2024

total-veiw

6224

Ýaş suratkeşleriň eserleriniň sergisi

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi, Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi «Bäşim Nuralynyň uçgunlary – Bagtyýar ýaşlar» atly döredijilik sergisini guradylar.

news-photo

29.05.2024

total-veiw

22691

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna syýahat

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen we köp sanly halkara güwanamalara mynasyp bolan özboluşly binagärlik desgalary we ýadygärlikleri jemlenen ak mermerli Aşgabat şäherinde täze owadan ýer peýda boldy.

news-photo

29.05.2024

total-veiw

5061

Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar hem-de konsertler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýaş zehinlere goldaw bermek we sungata bolan söýgini ösdürmek maksady bilen, ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň aýdym-sazly konsertini guraýar.

news-photo

29.05.2024

total-veiw

5113

Ýaşlar simfoniki orkestriniň we çagalar horunyň konserti bolar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerinde bilim alýan aýdym-saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de ýaş sazandalaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmek maksady bilen, ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň konsertini geçirýär.  

news-photo

28.05.2024

total-veiw

5293

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleriniň birnäçesini gurady

2024-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe medeni we sport çärelerini geçirdi.

...353