Medeniýet
05.02.2024
6387
Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy
Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.
05.02.2024
5628
Beýik akyldar şahyra bagyşlandy
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary we türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde sergi guraldy.
03.02.2024
6764
Türkmenistanda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
Türkmenistanda Aşgabatdaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.
01.02.2024
11973
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.
31.01.2024
5551
Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Hemişelik bagtyň daňy atandyr, Şöhlesini şu güne saçan Pyragy» atly çäre geçirdi.
31.01.2024
5351
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Russiýada baýram ediler
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» atly Moskwanyň VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjylary üçin Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanylan baý maksatnama taýýarlady.
31.01.2024
6085
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin gyzykly medeni çäreler garaşýar.
31.01.2024
8319
Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy şekillendiriş sungaty muzeýinde bellener
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň aprel aýyna meýilleşdirilýän 100 ýyllygy mynasybetli açyljak sergä taýýarlanýar.
30.01.2024
6467
Halkara aýdym-saz bäsleşiginde ýurdumyzyň ýaş gobonisti üçünji orny eýeledi
Türkmenistandan ýaş gobonist Eziz Garýagdyýew çagalar sazçylyk mekdepleriniň we «Sazly marafon» çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen IX Bütinrus saz gurallary bäsleşiginde üçünji orny eýeledi.
30.01.2024
7241
«Ylym» neşirýatynda «Änew şahyrlary we halk döredijiligi» atly täze kitap çap edildi
«Ylym» neşirýaty änewli şahyrlaryň uzak ýyllaryň dowamynda öwrenilen edebi mirasynyň we halk döredijiliginiň täze golýazma çeşmeleriniň öwrenilmegi esasynda 120 sahypalyk kitap neşir etdi.