Resmi
14.07.2023
9522
H.Aşyrmyradow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Hojamyrat Aşyrmyradowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
14.07.2023
5203
S.A.Soltanmyradow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradowy Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
14.07.2023
7359
Annaberdiýew D.O. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
14.07.2023
7553
B.S.Orazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
14.07.2023
16865
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly wezipesinden boşadyldy.
12.07.2023
6873
Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi
Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
07.07.2023
7824
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.O.Ýazmyradow hakynda Permany
Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.07.2023
34969
Türkmenistanyň Prezidentiniň T.R.Atahallyýew hakynda Permany
Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.07.2023
11563
Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek J.Annaýewiň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň üstüne ýüklenildi.
28.06.2023
8894
Medeniýet hepdeligi - 2024 Arkadag şäherinde geçiriler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňdebaryjy täze tehnologiýalar ulanmak arkaly, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde dürli mazmunly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nazarda tutup, geljekde bu şäheriň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.