15.08.2025
4389
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
14.08.2025
5206
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär.
14.08.2025
6824
Kriosferanyň sebitara hereket meýilnamasynyň taýýarlanylmagy dowam edýär
Awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň wekiliýeti, «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we howa özgermelerine uýgunlaşmak boýunça toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp düzmek ugrunda sebitiň hyzmatdaşlygyny ösdürmek» taslamasynyň çäginde geçirilýän dördünji sebitleýin maslahata gatnaşdy.
14.08.2025
7843
Türkmen tennisçileri Tailand Patyşalygynda geçirilen halkara ýaryşda üstünlik gazandylar
Tailand Patyşalygynyň uly Bangkok sebitiniň düzümine girýän Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda türkmen tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň üç görnüşinde altyn medallara we bir bürünç medala mynasyp boldular.
14.08.2025
6859
«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri hünär derejesini ýokarlandyrýarlar
«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody AGPJ-nyň tehniki gözegçilik we barlaghana bölüminiň hünärmenleri I we II derejede dargamaýan usully hil barlaglary boýunça şahadatnamalary aldylar.
14.08.2025
6781
Türkmen topary Malaýziýada «Future is Now» diýen tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy we bäş sany talyby Malaýýa uniwersitetiniň (Malaýziýa) binýadynda 3 – 9-njy awgusty aralygynda geçirilen «Future is Now» diýen tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.
14.08.2025
11459
Täze film milli kinematografiýanyň taryhy barada gürrüň berer
2026-njy ýylda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi milli kinematografiýanyň 100 ýyllygyny bellär. Bu baýramçylyk gününe bagyşlanyp «Keşplerde ýaşaýan ykballar» atly dokumental-publisistik film döredilýär.
14.08.2025
7919
«Sanly Bilim» meýdançasy okuwçylaryň hyzmatynda
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylary we talyplar öňki ýyllarda alan bilimlerini gaýtalap, täze bilimlerini özleşdirmäge taýynlanýarlar. Olara bu işde «Sanly Bilim» atly sanly meýdança kömek edýär we bilim çeşmeleri hem-de hyzmatlary bir ýere jemläp, amatly elýeterliligi üpjün edýär.
14.08.2025
3799
Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň maliýe-ykdysady pudagyndaky geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy.
14.08.2025
7092
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň owazy Jeýhun ýakasyna ýaň saldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.