02.06.2025
3279
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.06.2025
3378
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
01.06.2025
8364
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
01.06.2025
5230
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
Şu gün paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
01.06.2025
2577
Aşgabatda maýyp çagalar üçin tennis tälimçilerini taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi
Milli tennis federasiýasynyň 12 hünärmeni maýyp çagalar üçin tälimçileri taýýarlamak boýunça internet arkaly geçirilen maslahatyň çäginde okuwy tamamlady.
01.06.2025
3542
Tureskiniň dünýä belli hory ýene-de Aşgabatda
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we ýurduň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tureskiniň horunyň we sopranosynyň konserti uly üstünlik bilen geçdi.
01.06.2025
1391
Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.06.2025
4951
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi
Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýakada ýerleşýän halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösdürilýär.
31.05.2025
4267
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi.
31.05.2025
2965
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we häzirki zaman binagärlik tejribesiniň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.