08.04.2025
3472
XII Türkmen-german forumy: saglygy goraýşyň ählumumy meselelerini çözmäge bilelikdäki goşant
Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.
08.04.2025
4721
Çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
08.04.2025
4322
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy.
08.04.2025
7828
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we sirk artistleri ussatlyklary bilen tomaşaçylary begendirýär
Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri Daşoguz welaýatynda myhmançylykda şowhunly çykyşlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitine gelen artistleriň duşuşygy aýdym-sazly hakyky baýrama we «Görogly» eposy boýunça goýlan teatr çykyşynyň tomaşasyna öwrüldi.
08.04.2025
5619
«Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň täze möwsümini «Türkmen bilbili» konserti açdy
2025-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy bellenilýär. Şan-şöhraty Türkmenistanyň çäklerinden has uzaga ýaýran artistiň ýadygärlik ýubileý dabarasy dogduk şäheri Kerkide-de, Moskwada-da bellendi.
08.04.2025
5189
Türkmenistanda sebit boýunça gümrük hünärmenlerini kämilleşdiriş okuw merkezi dörediler
Şu ýylyň 31-nji marty bilen 4-nji apreli aralygynda Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Daşgyn Alyýewiň we Jaýdar Inkerbaýewiň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezine iş sapary boldy.
08.04.2025
5957
Aşgabatda türkmen-italýan lybaslarynyň moda görkezilişi boldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen italýan dizaýnerleri Gloriýa Trewizianiniň hem-de Klaudia Bellininiň, şeýle hem akademiýanyň talyby Jennet Agaýewanyň lybaslar toplumynyň moda görkezilişi geçirildi.
08.04.2025
4938
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen birlikde inçekesele garşy göreşi güýçlendirýär
Türkmen wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli döwürde sebitiň ähli ýurtlarynda inçekeseli ýok etmek işini çaltlaşdyrmagy maksat edinýän «Inçekeselden azat Merkezi Aziýa» başlangyjynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
08.04.2025
5070
Türkmen oba hojalyk instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer
12-nji aprelde we 10-njy maýda 10:00-da Türkmen oba hojalyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebe okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirer.