05.09.2024
3556
«Ozon gatlagyny saklap galmak üçin näme edip bilerin?» – at bilen bäsleşik yglan edilýär
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi «Ozon gatlagyny saklap galmak üçin näme edip bilerin?» atly temadan çagalaryň döredijilik işleriniň we usulyýet işleriniň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
04.09.2024
7517
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
04.09.2024
6729
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
04.09.2024
6856
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy.
04.09.2024
6033
«Altyn asyr» futbol topary «Şagadam» toparyny utup, Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynda ikinji orny eýeledi
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 21-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary «Altyn asyr» toparynyň futbolçylarynyň Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän «Şagadam» toparyny 2:0 hasabynda üstün çykmagy bilen tamamlandy. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
04.09.2024
5965
W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň çeperçilik bölümi Türkmenistanyň halk artisti, saz öwreniji-etnograf W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady.
04.09.2024
5174
Stokgolmda türkmen-şwed hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdi.
04.09.2024
6145
Türkmenistanyň ýaşlary howa boýunça başlangyçlarynyň öň hatarynda
2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP 29) 29-njy maslahatynyň öňüsyrasynda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi.
04.09.2024
5107
7-8-nji sentýabrda paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 07.09.2024 «Hindi rowaýaty» 19:00; 08.09.2024 «Syrly sandyk» 19:00.
04.09.2024
5657
Önümçiligiň gerimi giňeýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen, «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.