mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

18.07.2024

total-veiw

5156

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär. Men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

news-photo

18.07.2024

total-veiw

5792

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine, halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.


news-photo

18.07.2024

total-veiw

57487

Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr.  

18.07.2024

total-veiw

15236

«Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 71-nji madda, № 3, 116-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

18.07.2024

total-veiw

15524

«Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 74-nji madda; 2019 ý., № 1, 13-nji madda) 31-nji maddasynyň dördünji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

18.07.2024

total-veiw

14753

«Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 39-njy madda; 2019 ý., № 1, 13-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

18.07.2024

total-veiw

15430

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 33-nji madda; 2023 ý., № 2, 37-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

news-photo

18.07.2024

total-veiw

6352

Aşgabatda emeli aň hakynda maslahat guraldy

«Emeli aň we onuň söz azatlygyna täsiri» – ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň 17-18-nji iýulda garyşyk görnüşde geçiren maslahaty şeýle atlandyryldy. Halkara bilermenler Ognýan Zlatew (Bolgariýa) we Andreý Rihter (Awstriýa) maslahata tälimçiler hökmünde gatnaşdylar.

news-photo

18.07.2024

total-veiw

5887

Önümleriň hil derejesi – ýokary islegiň kepili

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda telekeçilik ulgamyna aýratyn orun degişlidir. 

news-photo

17.07.2024

total-veiw

6386

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

...3349