Sport
08.03.2026
5691
«Şagadam» we «Ahal» toparlary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdylar
«Şagadam» we «Ahal» toparlary häzirki wagtda Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdy. Bu «A» toparyň jemleýji oýunlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.
07.03.2026
3604
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň ilkinji ýarym finalçysy belli boldy
Aşgabatda dowam edýän 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ýaryşynda ilkinji ýarym finalçy belli boldy. Ol «Arkadag» futbol topary boldy. Wladimir Baýramowyň şägirtleri yzly-yzyna iki ýeňiş gazanyp, bu üstünligi möhletinden öň gazandylar.
06.03.2026
4785
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy
2026-njy ýylyň 1-6-njy marty aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar.
06.03.2026
4052
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogy başlandy
Aşgabatda başlanan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ýaryşyna sekiz topar ýygnandy.
06.03.2026
3239
Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
FIDE-niň 19 ýaşly ussady Amanmuhammet Hommadow Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen ýokary liganyň ýaryşynda ýeňiş gazanyp, küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby bu üstünlige açyk kategoriýada birinjiligi eýeläp, ilkinji gezek mynasyp boldy.
02.03.2026
6218
Läle Şöhradowa Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini gaýtaryp aldy
FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bu üstünlige Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda ýeňiş gazanyp ýetdi.
24.02.2026
7041
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde 13 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilen tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçileri öz çykyşlaryny ajaýyp üstünlik bilen tamamladylar.
22.02.2026
6161
Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy
Türkmen türgeni Jora Öwezmyradow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy.
20.02.2026
5515
«Arkadag» topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň futbolçylary derejesi boýunça ikinji orunda durýan Aziýa topar ýaryşy bolan AFK-nyň II Çempionlar ligasynda ilkinji möwsümini 1/8 finalda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirilen iki duşuşygyň netijesi boýunça tamamladylar.
18.02.2026
5185
2026-njy ýylda Saraýewoda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen hokkeýçileri ýarym finala çykdylar
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeýçiler ýygyndysy Saraýewo şäherinde (Bosniýa we Gersegowina) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 27-nji dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň «B» toparçasynda ýarym finala çykmagy başardy.