Sport
18.02.2026
8358
Kriştianu Ronaldu «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar
«Altyn top» baýragyna bäş gezek mynasyp bolan Kriştianu Ronaldu 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna gatnaşar diýlip çak edilýär. Bu barada daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýarlar.
17.02.2026
4612
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäheriniň «Skenderiýa» sport meýdançasynda geçirilýän «B» toparçanyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky 27-nji dünýä çempionatyna Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndy toparyndan 4:3 (1:1, 1:2, 1:1) hasabynda üstün çykmak bilen başladylar.
13.02.2026
5373
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde tamamlanan 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynyň birinji ýaryşynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazanyp, iki altyn medaly eýelediler.
12.02.2026
6425
Žorže Žezuş: «Türkmenistan – owadan ýurt, bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp»
«Türkmenistan – owadan ýurt we bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp» diýip, Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen geçirilen ilkinji duşuşygyndan soňky metbugat maslahatynda aýtdy.
11.02.2026
8029
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.02.2026
5722
Mergen Orazow: – Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr
Aziýanyň derejesi boýunça ikinji topar bäsleşigi bolan AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyrynyň öňüsyrasynda «Arkadag» toparynyň tälimçiler düzüminde käbir üýtgeşmeler boldy.
11.02.2026
6262
«Al-Nassr» futbol topary Aşgabada ýyldyz oýunçylaryny goýup geldi
Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary bilen oýnamak üçin Aşgabada özüniň ýyldyz oýunçylary bolan Kriştianu Ronaldu, Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inýigo Martines we Marselo Brozowiçsiz geldi.
11.02.2026
3407
«Al-Nassr» topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar
Aşgabatdaky AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygy Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen türkmen toparynyň taryhda üçünji duşuşygy bolar.
10.02.2026
4582
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.
10.02.2026
4067
Robert Fransew: «Arkadag» futbol topary tutuş türkmen sportuny öňe alyp barýan nusgalyk taslamadyr
Aşgabatda «Arkadag» futbol topary – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly giň gerimli metbugat maslahaty geçirildi. Mediaforumyň çäklerinde Umumyrussiýa teleradiokompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça habarçysy Robert Fransew ýaş toparyň üstünlikleri baradaky garaýyşlaryny «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen paýlaşdy.