Sport
12.06.2023
6630
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary CAFA Nations Cup-2023 ýaryşynydaky ilkinji oýnunda Täjigistanyň topary bilen 1: 1 hasabynda deň oýnady
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogy ýasryşyndaky (CAFA) birinji oýnunda Täjigistanyň topary bilen 1: 1 hasabynda deň oýnadylar.
11.06.2023
5740
Türkmenistanly küştçi dünýä birinjiliginde bürünç medal gazandy
Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä birinjiliginden 16 ýaşly Leýla Şöhradowa Türkmenistana bürünç medal alyp geldi. “Rapid” formatda çykyş eden Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, 16 ýaşdan geçmedik gyzlar toparynda diňe Russiýanyň we Belarusyň wekillerinden yza galmak bilen, mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplady.
10.06.2023
4406
Süleýman Hudaýberdiýew: «Dünýäniň iň ökde tennisçisi bolmagy arzuw edýärin»
12 ýaşly we ondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinjiliginde Gazagystanyň ýygyndy toparyndan ýeňlişden (0:3) soň, Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň birinji oýunçysy Süleýman Hudaýberdiýew biz bilen bolan söhbetdeşlikde şeýle diýdi:
09.06.2023
5692
Türkmen tennisçileri Aziýanyň toparlaýyn ýaryşynyň jemleýji tapgyryna çykmagy başardylar
Şu gün paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
08.06.2023
7035
Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy
Paýtagtymyzda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri Özbegistanyň toparyny taryhda ilkinji gezek ýeňmegi başardylar.
07.06.2023
6466
Aşgabatda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy deslapky tapgyra gadam basdy
Şu gün Aşgabat şäherinde 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň üçünji gününiň oýunlary geçirildi.
06.06.2023
5466
Türkmenistanly tennisçiler paýtagtymyzda geçirilýän sebitleýin sport ýaryşynda ikinji ýeňşini baýram etdiler
Paýtagtymyzda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri ikinji ýeňşini baýram etdiler.
05.06.2023
5885
Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi
Şu gün türkmen paýtagtynda 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy.
04.06.2023
5387
Tennis boýunça Merkezi Aziýa birinjiligi ugrundaky ýaryşa (U-12) gatnaşjaklar Aşgabada gelýärler
12 ýaşdan geçmedik oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa birinjiligine gatnaşjaklar Türkmenistanyň paýtagtyna gelýärler. Ýaryşlar 5-nji iýundan 10-njy iýuna çenli Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçiriler.
04.06.2023
5222
Saparmyrat Atabaýew - Dünýä kubogynyň Merkezi Aziýa zolagynyň iň güýçli küştçileriniň ilkinji üçlüginde
26-njy maýdan 3-nji iýuna çenli Duşanbe (Täjigistan) şäherinde geçirilen Dünýä küşt kubogynyň Merkezi Aziýa zolagynyň ýaryşynyň netijelerine görä, üç sany küştçi şol bir utugy gazanmak bilen münberi paýlaşdy.