mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

25.12.2025

total-veiw

4739

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

news-photo

25.12.2025

total-veiw

2778

Ýyllyk tabşyryk ýerine ýetirildi

Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri, asylly zähmet däbine eýerip, şu ýyly ýene-de üstünlikli tamamlaýar. Şu güne çenli olar ýyllyk önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

news-photo

25.12.2025

total-veiw

8088

Türkmenistan 2026-njy – Täze ýyly bellemäge taýýarlanýar

Täze ýylyň baýram howasy ýurdumyzyň şäherleriniň köçelerine eýýäm ýaýyldy. Müňlerçe çyralar, bezegli dükan aýnalary we ýaldyrawuk arçalar Täze ýyl gudratlaryna intizar ýürekleri ýylylyk bilen dolduryp, owsun hem şatlyk duýgusyny döredýär.

news-photo

25.12.2025

total-veiw

4007

«Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen Oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

news-photo

25.12.2025

total-veiw

2401

ÝHHG Türkmenistanda media sowatlylygy ösdürmäge goldaw bermegini dowam etdirer

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde media sowatlylygy boýunça milli tälimçileriň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Ol bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişine aralyk baha bermäge bagyşlandy.

24.12.2025

total-veiw

4462

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna täze sahypany ýazýar.

news-photo

24.12.2025

total-veiw

4181

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

news-photo

24.12.2025

total-veiw

4699

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça II halkara olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda institut tarapyndan geçirilen «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» (MHHS) dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi.

news-photo

24.12.2025

total-veiw

3151

Aşgabatda ýaşlaryň Ýewraziýa integrasiýadaky we sanly üýtgeşmedäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň paýtagtynda «Ýewraziýa integrasiýasynyň geljegi – täze sanly dünýädäki ýaşlaryň orny» diýen at bilen «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu çäräni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Ylym, bilim, we medeniýet bölümi gurady.

23.12.2025

total-veiw

4606

Türkmenistan — BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli häsiýete eýedigini hem-de uzak geljege gönükdirilendigini ýene-de bir gezek anyk görkezýär. Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisiniň jemleri, dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we dowam etdirilýän bilelikdäki taslamalar, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy munuň aýdyň güwäsidir.

...3252