mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

21.11.2025

total-veiw

3645

Türkmenistanyň DIM-de konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň ikinji tapgyry geçirildi.

news-photo

21.11.2025

total-veiw

3967

Türkmen senetçileri Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyry, ýagny «Banan» atly hepdelik, 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda geçirilýär.

news-photo

21.11.2025

total-veiw

4331

Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 18–20-nji noýabrynda Maliýe ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň we Döwlet Gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy.

news-photo

21.11.2025

total-veiw

3620

Işjeň gürleşmäge üns bermek: NDMU-nyň bilermenleri Aşgabatda rus dilini okatmagyň usulyýetlerini paýlaşýarlar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda bilim taslamalarynyň – daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin «Beýik zady öwredýärin» hem-de talyplar üçin «Beýik zady öwrenýärin» rus dili boýunça taslamanyň çäklerinde okuwlar geçirilýär.

news-photo

21.11.2025

total-veiw

2937

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

news-photo

21.11.2025

total-veiw

2947

Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň utulan-çykdy tapgyryna çykdylar

Türkmen tennisçileri Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynda Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň utulan-çykdy tapgyryna çykdylar.

news-photo

21.11.2025

total-veiw

4532

Türkmen miniatýura sungatynyň sergisi öz köpdürlüligi bilen geň galdyrýar

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen miniatýura sungatynyň sergisi açyldy. 

news-photo

21.11.2025

total-veiw

6194

Türkmen-gazak dostlugynyň mizemezliginiň nyşany

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan – dost-doganlyk mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezdi.

20.11.2025

total-veiw

5565

Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary sebit we sebitara derejede strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýar

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de sebit, sebitara we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge öňdengörüjilikli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Ýurdumyz dürli formatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Goňşy döwletler bilen däp bolan gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen halkyny we bu ýurtlaryň halklaryny kökleri taryha uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

20.11.2025

total-veiw

3489

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy, medeni, etniki, dil we dini baglanyşyklar iki doganlyk ýurduň gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Bu berk binýada esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz Siziň Alyhezretiňiziň ynsanperwer başlangyçlary arkaly has-da çuňlaşýar.

...3304