15.10.2024
3794
Merkezi Aziýa durnukly gelejegiň hatyrasyna birleşýär: WAVE we KHBS suw serişdeleri barada gepleşikleri goldaýarlar
Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda USAID-iň Merkezi Aziýanyň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça «WAVE» sebit taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guran KHBS-niň wekilleri üçin metbugat maslahaty boldy.
15.10.2024
4664
«Dutaryň owazy» atly VIII festiwalyň jemleýji çäreleriniň maksatnamasy yglan edildi
Bu ýyl «Dutaryň owazy» atly gözden geçiriliş türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutuş bir ýyl dowam etdi. Bu waka köp sanly çäräniň – türkmen hem rus ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda tutuş bir ýyllap dowam eden bäsleşiklere we konsertlere ýol açdy.
15.10.2024
3698
Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Fransiýanyň Paýtagty Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji mejlisi öz işine başlady. Çäräniň dowamynda Ýerine ýetiriji geňeşiň we Baş maslahatyň öňki mejlislerinde kabul edilen kararlarynyň we rezolýusiýalarynyň ýerine ýetirilmegine degişli maliýe, administratiw we beýleki gün tertibiniň 30-dan gowrak meselelerine garalar.
14.10.2024
4828
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
14.10.2024
4503
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
14.10.2024
5258
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.
14.10.2024
3985
Daşary işler ministrligindäki brifing
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
14.10.2024
4751
Türkmenistanda ýagyşly we salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda howanyň ortaça temperaturasy +30 gradus bolar.
14.10.2024
5034
Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi
Türkmenabat şäherinde «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň arasynda ýangyn-amaly sportunyň derejesini ösdürmek hem-de şahsy düzümiň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň polisiýa müdirlikleriniň Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärlerinden düzülen, her biri 5 adamdan ybarat bolan toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
14.10.2024
7039
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň birleşigine kabul edildi
Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti resmi taýdan Aziýa uniwersitetleri birleşiginiň täze agzalygyna saýlandy.