08.10.2024
5587
Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler
2024-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT-2024) geçiriler. Çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde guramagynda geçiriler. Bu çäre dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenlerinde uly gyzyklanma döretdi.
08.10.2024
8401
Türkmenistanyň talyplary Soçide maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Türkmenistanyň talyplarynyň dördüsi maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Russiýanyň Soçi şäherindäki «Sirius» federal çäklerde geçirildi.
08.10.2024
5919
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çawy dünýä dolan 33 ýyllyk toýy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinden gelip çykýan wezipeler neşiriň güýzüň ilkinji aýyndaky sanynyň esasy aýratynlyklarydyr.
08.10.2024
3877
Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň başynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna maýyl howa garaşýar. Birnäçe ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagjakdygyna garamazdan, gündizlerine howanyň temperaturasy +32 gradus töwereginde bolar.
08.10.2024
3869
Türkmenistanyň döredijilik mekdepleriniň okuwçylary GDA-2024 çagalaryň Açyk Delfler oýunlarynda baýraklara mynasyp boldular
Türkmenistanyň sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuwçylary 30-njy sentýabrdan 5-nji oktýabr aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde ilkinji gezek geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň çagalaryň Açyk Delfler oýunlarynyň bäsdeşlik maksatnamasynyň çäklerinde gowy çykyş etdiler.
07.10.2024
4293
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
07.10.2024
4460
Çopanow N.Ö. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çopanow Nurberdi Özbekowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.10.2024
6371
N.P.Handurdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Nurnazar Pirnazarowiç Handurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.
07.10.2024
6552
Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti
Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň baş maksadydyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarda aýdyň beýanyny tapýar.
07.10.2024
5211
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.