30.09.2024
4922
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
30.09.2024
4128
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana hem-de ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.09.2024
3979
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny ýurduň jar edilen güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.09.2024
7347
Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» - «CIET-2024» halkara maslahaty we sergisi guralar
Aşgabatda 2024-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET-2024») halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alynýar.
30.09.2024
8667
Türkmenistanda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmek üçin özgertmeler dowam etdiriler
Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde dürli ugurlardaky derwaýys wezipeleri we strategik maksatlary bellemek bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etjek esasy faktorlary beýan edildi.
30.09.2024
5073
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary tejribe alyşýarlar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň 30-njy sentýabrda başlanan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksady bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilim we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşygy artdyrmak, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamanyň çäginde täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmakdyr.
30.09.2024
5500
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Malaýziýada geçirilen VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde medallara eýe boldular
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň dört okuwçysy Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «World Invention Competition And Exhibition (WICE)» atly VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde we sergisinde ajaýyp netijeleri görkezdiler.
30.09.2024
5169
Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasynda adamyň ýaşy bilen baglanyşykly deri üýtgemelerini hemmetaraplaýyn düzetmäge niýetlenen laktoza gelini almagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga awtorlyk hukugy berildi, ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň beren degişli şahadatnamasy bilen tassyklanýar.
30.09.2024
4771
Ýurdumyzda ýagyşly we salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda howanyň ortaça temperaturasy +37 gradus bolar. Ýöne sebitleriň käbirinde az-kem ýagyş ýagar we howa gijelerine +6 gradusa çenli peseler.
30.09.2024
5212
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 415 müň dollaryna deň boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.