10.09.2024
7685
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady.
10.09.2024
5548
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi.
10.09.2024
4856
Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi.
10.09.2024
6895
Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
10.09.2024
3189
Çeperçilik akademiýanyň mugallymlarynyň žiwopisi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň žiwopis işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
10.09.2024
6681
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergisiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
10.09.2024
4041
«Türkmendeňizderýaýollary» «TIF 2024» halkara forumynda birnäçe maýa goýum taslamalaryny hödürledi
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy («TIF 2024») açyldy, ol işewürligiň wekilleriniň, maýadarlaryň we halkara bilermenleriň ünsüni özüne çekdi.
10.09.2024
3062
«TIF 2024» maýa goýum forumynda Aşgabadyň awtoulag kärhanasy öz innowasiýa we logistika çözgütleri barada tejribe alyşýar
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň «TIF 2024» maýa goýum forumy öz işine başlady, ol ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzümine girýän «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy oňa gatnaşýanlaryň biridir.
10.09.2024
6703
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
09.09.2024
4811
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.