19.08.2024
7645
Awazada şowhun-şatlykly dynç alyş dowam edýär
Şu günlerde gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň gyzykly möwsümi dowam edýär.
19.08.2024
7400
Täze okuw ýylyna doly taýýarlykda
Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
19.08.2024
3678
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 60 million 939 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
19.08.2024
5913
«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
18.08.2024
5673
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we döredijilik taglymlaryny ilerledýär
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
18.08.2024
8028
Adam hakynda alada — durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.
18.08.2024
6002
«Altyn Asyr» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň «öý» duşuşyklary «Köpetdag» stadionynda geçiriler
Türkmenistanyň «Altyn asyr» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň 2024-2025-nji ýyllar möwsümindäki «öý» duşuşyklary Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Bu barada Aziýa futbol konfederasiýasy habar berdi.
18.08.2024
8005
Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýaşlar çempionatynda altyn we kümüş medal gazandylar
Korumduda (Yssyk-Kul, Gyrgyzystan Respublikasy) tamamlanan 8–16 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri bir altyn we bir kümüş medal gazandylar.
17.08.2024
6959
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Kurmangazy Sagyrbaýuly
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
17.08.2024
5433
Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy
2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.