mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

15.08.2024

total-veiw

6801

«Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň täze ýaryşynda ilkinji çykyşyny üstünlikli tamamlady

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň oýunçylary AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny 3:2 hasabynda ýeňmek bilen, Aziýanyň täze klub ýaryşlarynda ilkinji çykyşyny üstünlikli amala aşyrdy.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5429

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bu ýylda 560 tonna künji taýýarlamaga niýet edýärler

Daşoguz welaýaty ýurdumyzda örän peýdaly we meşhur ýagly ekin – künji öndürýän iň uly önüm öndürijileriniň biri bolmagyny dowam etdirýär. Bu ýyl bu gymmatly önümden azyndan 560 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5210

Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Ilçisi Döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Lýublýana şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ýurduň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

6218

Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň ýakyn wagtda boljak mejlisine bagyşlanan çäreler geçirilýär

Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça, şol sanda Arkadag şäherinde-de Halk Maslahatynyň ýakyn wagtda boljak nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýygnaklar geçirilýär. Ýaňy-ýakynda «Arkadag» teleýaýlymy bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka barada Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynda «Halk Maslahaty – jebisligiň we agzybirligiň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5710

BMGÖM-niň «Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Bütindünýä ýaşlar güni mynasybetli Ýaponiýa hökümetiniň goldawy bilen başy başlanan bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. Bäsleşige jemi 30-a golaý iş gatnaşdy, olar ýerine ýetirijiligi we ukyplylygy bilen tapawutlandyryldy.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

6094

Internet-dükan ýa-da mekdep bazary: çagany mekdebe taýýarlamak haýsynda aňsat?

Tiz wagtdan täze okuw ýyly başlanýar, şol sebäpden ata-eneleriň köpüsinde bir sowal ýüze çykýar: çagany mekdebe nädip has gowy taýýarlamaly we zerur zatlaryň hemmesini nireden almaly?

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5905

Sergidäki işleriň awtorlary – muzeý işgärleri

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeý işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň sergisi açyldy. Sergi Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5275

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5160

Ýurdumyzda halkara ýük daşaýyşlaryny amala aşyrýan awto serişdeleriniň sürüjilerini we ulag operatorlaryny taýýarlamak üçin merkez açylýar

Halkara ýük daşaýyşlaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň hünär taýýarlygyny geçmekleri üçin Türkmenistan degişli okuw merkezini açmagy meýilleşdirýär.

news-photo

15.08.2024

total-veiw

5075

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

...3270