mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

04.03.2026

total-veiw

2321

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

1934

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

1891

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

1772

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

1794

Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbede geçirilýän Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisine gatnaşmak üçin saparda bolýar.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

3366

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalyň ýene bir sany okyjylara gowuşdy.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

3543

Albert Žalilow: – Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň paýtagty wokal sungatynyň belent owazly gurşawyna girdi.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

3137

Mährem eneleriň, nurana gelin-gyzlaryň waspy belentden ýetirilýär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly kalplarymyza unudylmajak röwşenlik nuruny çaýyp, hakydalara hemişelik ýazylýar.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

2952

Türkmenistanyň ýaşlary Hindistana guraljak täsin gezelenje çagyrylýar

2026-njy ýylyň 24-nji marty – 2-nji apreli aralygynda Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistana tanyşlyk sapary guralýar.

news-photo

04.03.2026

total-veiw

2756

Türkmen panbarhaty – 8-nji martda ajaýyp sowgat

“Panbarhat” dükanlarynda söwda hemişe-de gyzgalaňly, ýöne Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda bu ýerde üýtgeşik bir ýagdaý höküm sürýär. Gowudan-gowy sowgat gözleýän erkek adamlar we zenanlar bu ýere nepis dokalan panbarhat satyn almak üçin gelýärler. Näziklik sözüniň manydaşy hökmünde ykrar edilen bu mata ýörite dükana baryp-gelmegi Gündogaryň gözellik dünýäsiniň jümmüşine syýahata öwürýär.

...3233