Ylym
02.07.2025
2561
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary
2025-nji ýylyň 22-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidentiniň A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine sapary amala aşyryldy.
02.07.2025
3601
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigi geçirilýär
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigine badalga berildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýola goýlan bu bäsleşik programma üpjünçiligini we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de olara goldaw bermäge gönükdirilendir.
02.07.2025
2042
ABŞ-nyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Florensiýada duşuşyk geçirdiler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň wekilleri ylym we bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.
02.07.2025
1735
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary «Hakyda otlusy» diýen çärä gatnaşýarlar
Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan ybarat topar 20-nji iýundan 5-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynda we Belarus Respublikasynda geçirilýän «Hakyda otlusy» atly medeni-bilim çäresine gatnaşýarlar.
01.07.2025
1461
Özbegistanyň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 25-nji iýundan 4-nji iýula çenli döwürde guralan okuw-önümçülik tejribeligini geçýärler.
30.06.2025
3054
Ildeşimiz «Technovation Girls» maksatnamasynyň «GALA-2025» atly abraýly baýragynyň eýesi boldy
«Technovation Girls» halkara maksatnamasynyň Türkmenistandan bolan ilçisi Saparguly Magtumow «Ilçileriň Liderligi Bütindünýä Sylagy» – «GALA-2025» («Global Ambassador Leadership Award») abraýly baýragyň eýesi boldy.
30.06.2025
2466
Türkmenistanyň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen halkara bäsleşikde altyn medal gazandylar
Türkmenistanyň ýaş alymlary 26-30-njy iýun aralygynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen «Borneo BIICC-2025» («Borneo International Innovation Creativity Competition») atly abraýly halkara bäsleşikde uly üstünlik bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.
27.06.2025
2516
Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
25-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
27.06.2025
2603
Türkmenistanyň we Hindistanyň seljerijileri dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülereini gurýarlar
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň işgärleriniň Hindistanyň “DAKSHIN” Ählumumy Günortasynyň öňdebaryjy tejribeler merkeziniň hünärmenleri bilen geçirilen tanyşlyk onlaýn-duşuşygy hyzmatdaşlaryň nobatdaky we geljekde-de geçiriljek duşuşgy boldy.
27.06.2025
2111
Türkmen wekiliýeti Hanty-Mansiýskide geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
25-27-nji iýun aralygynda Russiýanyň Hanty-Mansiýsk şäherinde “Sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumat we kommunikasiýa: görünýän we görünmeýän täsirler” atly VII halkara maslahat boldy. Ol ÝUNESKO-nyň “Maglumat hemmeler üçin” diýen hökümetara maksatnamasynyň hem-de XVI halkara IT-forumyň çäklerinde geçirildi.