Ylym
09.02.2024
8547
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary surat çekmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda «Parahatçylygyň medeniýeti ýaşlaryň gözi bilen» atly bäsleşik geçiriler. Ol ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan yglan edildi.
07.02.2024
5631
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny esse ýazmak boýunça bäsleşige çagyrýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň orny» atly tema boýunça esse ýazmak bäsleşigine gatnaşjaklary çagyrýar.
06.02.2024
3740
Türkmenistanyň talyplary «CyberQuest» hakatona gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny «CyberQuest» atly intellektual IT-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
05.02.2024
34481
Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» II integrirlenen olimpiada gatnaşyjylar çagyrylýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Oguz hanyň zehinli nesilleri» II integrirlenen olimpiada gatnaşyjylary çagyrýar.
05.02.2024
4281
Bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda täze ädim
Türkmenistanda milli bilim ulgamyna bilimiň hiline baha bermegiň halkara tejribesine esaslanýan häzirki zaman modellerini ornaşdyrmak maksady bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy baradaky düzgünnama tassyklandy.
05.02.2024
9060
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer. Okuwçylar üçin bäsleşikler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guraldy.
03.02.2024
4608
Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda halkara olimpiadalary geçiriler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
01.02.2024
5084
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.02.2024
4846
Türkmenistanyň Ilçisiniň Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 30-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy.
01.02.2024
9811
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty mekdep okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýokary synp okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýar.