Ylym
23.09.2024
9850
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümine gatnaşmak hukugyna eýe bolmak ugrunda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň 800-den gowragy bäsleşdiler
21-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden ýokary synp mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň IV möwsümine gatnaşmak hukugyna eýe bolmak ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýar.
23.09.2024
5869
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň ýokary okuw mekdebiniň 90 ýyllygy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynda boldy
19-21-nji sentýabry aralygynda türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sýanýan şäherine sapary boldy, şol ýerde Oba we tokaý hojalygynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň şanly 90 ýyllyk senesi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
20.09.2024
6491
Türkmenistanyň talyp gyzy Ýaponiýada okamak üçin granta mynasyp boldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Göwher Berdiniýazowa «Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýada okamak» diýen grant maksatnamasynyň ýeňijisi boldy.
19.09.2024
5620
Türkmenistanyň wekilleri «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilen «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdy. «Assambleýa žastary» Respublikan jemgyýetçilik guramasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.
18.09.2024
5217
Türkmen wekiliýeti GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde 17-19-njy sentýabry aralygynda geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar.
18.09.2024
5531
Ýewropanyň «DARÝA» taslamasynyň çäginde bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar
Ýewropa Bilim gaznasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistanda. Saparyň esasy maksady Ýewropa Bileleşiginiň «DARÝA – Merkezi Aziýanyň ugurtapyjy ýaşlary üçin gepleşikler we çäreler» atly bäşýyllyk taslamasynyň çäginde ýurduň dürli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdyr.
17.09.2024
8040
Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça Açyk halkara olimpiadasy geçiriler
Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe hasabatlylygyň halkara standartlary» diýen ders boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar.
16.09.2024
5976
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini geçirer.
13.09.2024
5488
Türkmenistanyň wekilleri Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar
10-12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamynyň wekilleri «Geljegi döretmek arkaly: C5+ONE Merkezi Aziýa – ABŞ» atly sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin Almatyda (Gazagystan) boldular.
13.09.2024
6883
Köýtendagyň täsinlikleri
Belent başyny göge dirän goýny keremli daglary, joşgunly deňizdir derýalary, ýaýylyp ýatan sähralary, tokaýlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy, gaýtalap bolmajak gözelligi emele getirýän Berkarar Diýarymyzyň nurana keşbi dünýäniň jahankeşdeleriniň, bilermenleriniň ünsüni özünde jemleýär.