Ï Aleksandr Makedonskiniň Margiana ýörişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aleksandr Makedonskiniň Margiana ýörişi

view-icon 12039
Aleksandr Makedonskiniň Margiana ýörişi

Aleksandr Makedonskiniň Margiana ýörişiniň taryhy häzire çenli doly öwrenilmändir. Munuň esasy sebäplerinden biri-de beýik serkerdäniň goşunynyň Margianada eden işleri barada diňe Rim taryhçysy Kwint Kurtsiý Rufuň «Aleksandr Makedonskiniň taryhy» atly eserinde galdyran ýeke-täk hekaýaty bolup, oňa-da «doly hem anyk beýan» diýip bolmazlygydyr.

Alymlaryň aglabasy 20-nji asyryň ellinji ýyllarynyň birinji ýarymyna çenli bu taryhçynyň beren maglumatlarynyň ygtybarlydygyna şübhelenýärdiler. Hususan-da, bu hekaýatda «Marakanda» sözüniň ýerine ýalňyşlyk bilen «Margiana» ady girizilipdir diýip müňkir bolnupdyr. Rufuň hekaýatyna bolan garaýyş, esasan, köp ýyllap Türkmenistanda iş alyp baran Igor Nikolaýewiç Hlopiniň işleri netijesinde üýtgedi. 

Hlopin Kurtsiý Rufuň eserindäki ýeke-täk nätakyklygy, Aleksandryň Margianada esaslandyran şäherlerinden biriniň ykbalyny beýan edende, gadymy Merw we Merwerud şäherlerini bulaşdyrandygyny subut edýär.

Eýsem, taryhçy Ruf Aleksandr Makedonskiniň Margiana ýörişi barada näme gürrüň beripdir? Bu waka bgyşlanan bölümiň başynda ol patyşanyň Ptolemeýiň we Menidesiň ýolbaşçylygyndaky goşmaça güýçleriň gelmegine garaşandygyny ýazýar. Goşun sany köpelenden soňra, goşun Oksa tarap ugrapdyr (gadymy taryhçylar Amyderýany şeýle atlandyrypdyrlar). Ýörişiň dördünji gününde Oks derýasyna ýeten goşun, ondan geçip, ýoluny dowam etdiripdir. Bu ýörişiň esasy maksady Sogdiana eken. Hökümdar derýäny kesip geçmezinden ozal, güzeriň ýakasynda ýerleşen çadyryndan çeşmäniň çogup çykmagyny özi üçin bagt alamaty hasaplapdyr.

Mundan soň patyşanyň Margiana gelip, özara kömegi uzakdan gözlemezlik maksady bilen, biri-birine golaý aralykda alty sany gala – ikisini şäherden günortada, dördüsini bolsa gündogarda gurmak üçin ýeri hut özüniň saýlandygy barada habar berilýär. Täze obalaryň ählisi-de belentliklerde ýerleşipdir.

Kurtsiniň hut Margiana hakda ýazandygyny bolsa öz ýazgysynyň ahyrynda bu ýerlerdäki öz döwürdeş hökümdarlarynyň iň uly üstünlikleri döwründe-de Marakandany gol astynda saklamandyklaryny belleýşi bilen birlikde parfiýalylar hakda gürrüň bermegide şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda alymlar «Ruf Parfiýa taryhynyň wakalaryny beýan edende, taryhçynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygynyň derejesi gaty ýokary» diýen netijä geldiler.

Nemes ýazyjysy Franz fon Şwarts öz gözleglerine salgylanyp, Isgenderiň goşunynyň biziň eýýamymyzdan öňki 328-nji ýylyň gyşyny häzirki Türkmenabat şäheriniň ýerleşýän ýerinde gyşlandygy barada netijä gelipdir.

Ýörişiň netijelerini jemläp, Kurtsiý Ruf howpsuzlygyň üpjün edilmegi we Margiana Aleksandriasy şäheriniň düýbüniň tutulmagy hökümdaryň esasy maksadydyr diýip belleýär. Gündogarda täze şäherleriň döredilmegi Aleksandryň syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri bolupdyr, sebäbi onuň emri bilen döredilen şäherleriň oturymly ilaty hökümdarlygyň gol astyna geçen täze ýerlere gözegçilik etmekde möhüm orny eýelemelidiler. Aleksandriýanyň ilatyna makedoniýalylar, hakyna tutma grekler we ýerli ilatyň wekilleri girýärdi. Şäheri patyşa tarapyndan bellenen hökümdar dolandyrypdyr.