Ï «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy

view-icon 1632
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy

Türkmenistanda ylmy üstünliklere we häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz ykdysady we önümçilik infrastrukturasyny döretmek işinde innowasiýalara aýratyn üns berilýär.

Muny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly elektron ylmy we amaly žurnalynyň nobatdaky sanynda berlen gözleg netijeleri-de tassyklaýar.

Öz alymlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda geçirilen ylmy işler nebit-himiýa we elektronikadan başlap, lukmançylyk we tebipçilik ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Mysal üçin, «Nebit çökündisiniň fiziki-himiki we mikrobiologik derňewleri» (nebit çökündisi – nebit önümlerinden, mehaniki garyndylardan we suwdan ybarat çylşyrymly fiziki-himiki garyndydyr) atly makalada Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň nebit zerarly hapalanan topraklarynyň we nebit galyndylarynyň mikrobiologik hem mikrologik seljermesiniň esasynda alnan netijeler beýan edilýär.

Ýerli mikroflorany ulanmak bilen, nebiti okislendirýän mikroorganizmleriň arassa nusgalaryny almak arkaly nebit bilen hapalanan topraklary dikeltmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

«Suwy marganes we demir ionlaryndan arassalamak» atly başga bir makalada ýerli tebigy minerallary ulanmak bilen, şor suwy käbir maddalardan arassalamak meselesine bagyşlanýar. Onda tebigy we termik taýdan üýtgedilen dolomit ulanmak arkaly marganes we demir ionlaryndan suwy arassalamagyň usuly berilýär. «Kaliý ýodatyny almagyň usuly we innowasiýa tehnologiýasy» atly materialda giňden ulanylýan bu organiki däl birleşmäni öndürmek üçin ekologiýa taýdan arassa innowasiýa tehnologiýasy berilýär. Kaliý ýodatyny aşgar-hlor usuly bilen almak üçin işlenip düzülen tehnologik shema häzirki önümçilikde ulanylýan usullar bilen deňeşdirilende, önümiň möçberini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berýär. Adam bedeniniň dogry işlemegi üçin zerur bolan makro we mikrokomponentleriň özboluşly çeşmesi bolan hlorella üçin deňagramly iýmit gurşawyny döretmek boýunça synag işleriniň netijeleri bolsa «Hlorella mikro suw otlaryny ýetişdirmek üçin A5P-M1 üýtgedilen ýokumly gurşawy ulanmak meselesi» atly makalada öz beýanyny tapýar.

«Oturtma programmirlenýän logik gözegçiler – tehnologik gurluşlary awtomatlaşdyrmakda innowasion önümdir» atly makalada analog ulgamynda gazanyp bolmaýan hil görkezijilerini täze derejä çykaryp biljek ýöriteleşdirilen mikrokontrol gurluşlaryna esaslanýan senagat önümçiligine sanly gözegçilik meselesine garalyp geçilýär. Dolandyrylýan elektronikanyň göwrümini we agramyny azaltmagy, ygtybarlylygyny we hyzmat möhletini artdyrmagy, içerde gurnalan ekranda senagat enjamlarynyň ýagdaýy we gözegçilik edilýän parametrler barada maglumatlary görkezýän ýerli we uzakdan dolandyrmagy öz içine alýan ýöriteleşdirilen mikrokontrol gurluşy işlenip düzülýär.

Žurnalda lukmançylyk ylmy «II görnüşli süýji keseli bolan näsaglarda dowamly parodontit keselini anyklamagyň usullarynyň görkezijileri» atly makalada özüni görkezýär, onda hassalaryň ýaşynyň ulalmagy we süýji keseliniň klinik derejesiniň çuňlaşmagy bilen, parodontyň sowuklama keseliniň has agyrlaşýandygy bellenýär. Onda getirilen gözleg netijeleri klinik, funksional, barlaghana üýtgemeleriniň netijeli seljerilmesine, howpsuz bejergä we öňüni alyş çäreleriniň wagtynda durmuşa geçirilmegine goşant goşar. «Endemik derman ösümligi bolan sitwar kysymly ýowşan çig malynda flawonoidleri kesgitlemek» atly başga bir makalada Köpetdagda ösýän endemik ösümligiň dermanlyk aýratynlyklaryny we ony ýurdumyzyň derman senagatynda ulanmak mümkinçiligini öwrenmäge bagyşlanýar.