Ï Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VIII bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VIII bäsleşigi geçirildi

view-icon 2704
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VIII bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünär ugurly «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VIII saýlama bäsleşigi geçirildi. Ol ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan ýurduň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda guralýar.

Nobatdaky bäsleşik «XVIII asyrda Hindistanyň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» temasy boýunça geçirildi. Oňa Aşgabadyň, Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynyň mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.

Bäsleşik meýdançasynda öz geljegini diplomatik işi bilen baglanyşdyrmak isleýän zehinli ýokary synp okuwçylary giň gerimli bilimlerini, ajaýyp taýýarlygyny hem-de intellektual bäsleşigi alyp barmak başarnygyny görkezdiler.

Gatnaşyjylara düzümine däp boýunça ylym, taryh, medeniýet işgärleri, diplomatlar, professorlar we ýurduň mugallymlary girýän abraýly emin agzalary baha berdiler. VIII bäsleşigiň eminleri hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklar we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kondidaty Begenç Garaýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Şyhmustapa Hudaýberdiýew hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri Baýramgeldi Çaryýew çykyş etdiler.

Eminleriň çözgüdi bilen Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew we Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Eziz Suhanberdiýew ýeňijiler diýlip yglan edildi. Eminleriň pikirine görä, bäsleşigiň dowamynda okuwçylar öňdeliklerini ynamly saklap geldiler hem-de zehinlerini we ukyplaryny has aýdyň, işjeň görkezdiler. Bu mekdep okuwçylary taslamanyň III möwsüminiň ýarym finalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan hormat hatlary we birnäçe hemaýatkärlerden gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hemaýatkärler bolup, 10-dan gowrak döwlet edaralary hem-de ýurdumyzyň hususy kompaniýalary çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň okuw studiýasy we bu taslamanyň hemişelik hemrasyna öwrülen milli «Miras» teleýaýlymy bäsleşigiň ýazgysyny amala aşyrdy. Bäsleşik türkmen teletomaşaçylary üçin ýakyn günlerde görkeziler.