Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň baýram edilmegine bagyşlanylyp, «Binagärlik – gurluşykda beýan edilen sungat» atly halkara ylmy-maslahat geçirer.
Maslahaty 4-5-nji iýunda utgaşykly görnüşde geçirmek bellenildi. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň ylmy merkezleriniň, edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çagyrylýar.
Halkara maslahatyň maksady ýaş hünärmenleri täze ylmy we döredijilik başlangyçlaryna çekmekden, ýaşlaryň taslamalar döredilende özboluşly täzeçillik pikirlerini hem-de çözgütlerini amala aşyrmaga ymtylmalaryny ösdürmekden ybaratdyr. Binagärlik we dizaýn ulgamynda ýaş alymlaryň ylmy-barlag işlerini höweslendirmek we goldamak, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary berkitmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, zehinli we geljegi uly ýaşlary terbiýelemek ugrunda halkara tejribelerini alyşmak maslahatyň wezipelerine girýär.
Guramaçylar geçiriljek halkara maslahatyň oňa gatnaşyjylara özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri, hünär tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik berjekdigine, köp babatda bilim hem-de işgärleri taýýarlamak ulgamynda bilelikdäki maksatlary gazanmaga, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, talyplarynyň hem-de wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine hem-de halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirýärler.