Ï Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň ýarym final bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň ýarym final bäsleşigi geçirildi

view-icon 3920
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň ýarym final bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamasynyň III möwsüminiň ýarym finalynyň I we II bäsleşikleri geçirildi. Ol bu ýokary okuw mekdebi hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan ýurduň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Ýokary okuw mekdepde 17-nji we 19-njy aprelde geçirilen ýarym final bäsleşikleriniň ikisi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» diýen tema bagyşlandy. 2023-2024-nji okuw ýylynda taslamany bütin III möwsümi Gündogaryň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli adybir şygar astynda geçýändigini ýatlatmak ýerlikli bolar.

I we II ýarym final bäsleşiklerde Aşgabat şäheriniň, ýurdumyzyň Ahal, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synplarynyň hersinden sekiz okuwçy çykyş etdi.

Mekdep okuwçylary diplomatik häsiýetlerini ýüze çykaryp, birinjiligi eýelemäge işjeň we ynamly, yhlaslylyk we okgunlylyk bilen ymtyldylar. Oýunlar dartgynly bäsdeşlik, öňdeligi eýelemäge göreşmek ruhunda geçdi, çünki ýarym final taslamanyň pellehana ýakynlaşdyrýan bölegidir. Düzgünlere laýyklykda, onuň ýeňijileri, eýýäm bäsleşigiň ýeňijileridir, olaryň arasynda finalda baýrakly orunlar paýlanylýar.

Abraýly eminler toparynyň öňünde bäsleşige gatnaşyjylaryň iň ökdelerini kesgitlemek baradaky çylşyrymly wezipe durýardy. Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklar we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Döwlet Kössekow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty, rus dili we edebiýaty hem-de olary okatmagyň usulyýetleri kafedralarynyň uly mugallymlary filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Akmyrat Täjemow we Agamämmet Ýazmyradow, TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly işgäri Gyzylgül Tagandurdyýewa girdiler.

Eminleriň çözgüdi bilen Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa, Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 22-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa hem-de Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa I ýarym final bäsleşiginiň ýeňijileriniň dörtlügine düşdüler.

Aşgabat şäheriniň 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa ýarym finalyň ýeňijileriniň ikinji dörtlügine girdiler.

Ýeňijilere hem-de bäsleşenleriň ählisine ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlary we taslamanyň birnäçe hemaýatkärlerinden gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hemaýatkärler 10-dan gowrak döwlet edaralary hem-de hususy kompaniýalardyr.

Türkmen teletomaşaçylary ýakyn günlerde milli «Miras» teleýaýlymynda ýarym final bäsleşiklerine tomaşa edip bilerler. Bu ýaýlym taslamanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi.

Institut tarapyndan üçünji okuw ýyly yzly-yzyna geçirilýän hünäre ugrukdyryş häsiýetli tutumly bu taslamanyň final bäsleşiginiň 8-nji maýda geçiriljekdigini ýatladýarys. Şondan soň ýokary okuw mekdebe giriş synaglarynyň başlanjak döwri hem uzakda däl. Institut taslamanyň ozalky nobatdakylarynyň iň gowy gatnaşyjylaryny öz talyplarynyň hataryna kabul edipdi. Häzirki wagt hem institut geljekde özleriniň diplomatik işlerini üstünlikli alyp barmak isleýän zehinli we ukyply täze dalaşgärlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.