Ï Türkmen oba hojalyk instituty Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk instituty Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 2704
Türkmen oba hojalyk instituty Genetika dersi boýunça II  internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň netijelerini yglan etdi.

Olimpiadada birinji orny dört talyp – Gözel Miriýewa (Türkmen oba hojalyk instituty), Ybraýym Guwançmuhammedow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Bahargül Berdiýewa (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) we Şatlyk Tekäýew (Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti) eýelediler.

8 sany ikinji we 12 sany üçünji orny ady agzalan ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary aldylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli derejeli diplomlary gowşuryldy.

Umuman, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň talyplary olimpiadada genetika ugrundan bilimlerini görkezdiler. Oňa gatnaşanlara tematiki soraglar we meseleler berlip, olary çözmäge bolsa 90 minut wagt berildi.

Bäsleşik ýaşlaryň genetikanyň dürli ugurlaryny öwrenmäge höwesini artdyrmak, ösüp gelýän hünärmenleri ösümlikleriň, mallaryň tohumlarynyň we mikroorganizmleriň ştamlaryny gowulandyrmak hem-de täze ýokary öndürijilikli görnüşlerini almak seçgi boýunça oba hojalygynda iri işlere çekmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşik talyplaryň nazaryýet bilimlerine we amaly başarnyklaryna, hünär taýýarlyk derejesine baha bermäge, has zehinli we başarjaň talyplary ýüze çykarmaga, şeýle hem ylym we bilim pudagyndaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen mugallymlarynyň arasyndaky gatnaşygy berkitmäge, tejribe we peýdaly ylmy maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berdi.