Ï Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri talyplar üçin maglumat howpsuzlygy boýunça umumy okuw sapagyny geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri talyplar üçin maglumat howpsuzlygy boýunça umumy okuw sapagyny geçdiler

view-icon 2952
Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri talyplar üçin maglumat howpsuzlygy boýunça umumy okuw sapagyny geçdiler

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de akademik M.F.Reşetnew adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersiteti bilelikde talyplar üçin «Maglumat howpsuzlygy» temasy boýunça onlaýn umumy okuw sapagyny guradylar. 

Rus ýokary okuw mekdebiniň maglumat dolandyryş ulgamlary kafedrasynyň dosenti, RYA-nyň Sibir bölüminiň Hasaplaýyş matematikasy we matematika geofizikasy institutynyň Amaly informatika bölüminiň uly ylmy işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Anna Wladimirowna Korobko talyplar üçin «Modelirleme esasynda çözgütleriň kabul edilmegini goldamak» diýen tema boýunça düşünje artdyryjy umumy okuw sapagyny berdi. 

Çäräniň dowamynda Sibir döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalarynyň howpsuzlygy kafedrasynyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Oleg Nikolaýewiç Ždanow kriptografiýanyň esaslaryna bagyşlanylan gyzykly umumy okuw sapagy bilen çykyş etdi. 

Onlaýn okuwlaryň diňleýjileri maglumatlary goramagyň täze konwergent tehnologiýalarynyň täsiri astynda döreýän täze görnüşleri bilen baglylykda, IT-ulgamdaky düýpli wezipelere degişli meselelere aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Talyplar bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň duşuşygy ýokary derejede guramaga we geçirmäge gatnaşan mugallymlary-da garalan meseleleriň dürli ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna işjeň goşuldylar. 

Gatnaşanlaryň nygtaýyşlary ýaly, şunuň ýaly umumy okuwlaryň geçirilmegi hem-de bilelikdäki şeýle çäreleriň iş tejribesi geljekde köp babatda ýokary okuw mekdeplerde bilim beriliş işiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder, şeýle hem ylym we bilim ulgamynda köp ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.