
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm waka wideoaragatnaşyk görnüşde, ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Bitaraplyk derejesi – durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme.
