21.12.2024
6856
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi.
21.12.2024
6060
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
21.12.2024
5763
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Şandor Petefi
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
21.12.2024
4726
Türkmenistanyň DIM-de Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
20.12.2024
5335
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir.
20.12.2024
4146
TYA-nyň alymlarynyň ylmy makalalary «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly žurnalynda çap edildi
Türkmenistanda «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çap edildi. Žurnal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň wekilleri – A.Rahmanowanyň, D.Gadamowyň we A.Akmyradowyň makalalary bilen açylýar.
20.12.2024
5249
«Sadaja» Daşoguz welaýatynyň ilaty üçin önüm çykarylyşyny artdyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy G.Orazdurdyýewe degişli «Sadaja» söwda belgili önümler soňky döwürde ýurdumyzyň bazarlarynda meşhurlyk gazanýar.
20.12.2024
5048
Geljek ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa BMG-niň Merkezi Aziýada adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň sebit wekili Matilda Bogner we Halkara Zähmet Guramasynyň bilermeni Miranda Faýerman bilen wideoduşuşyk geçirdi.
20.12.2024
5672
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň III oýnunyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamanyň IV möwsüminiň III oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
20.12.2024
7537
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigine kabul edildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigine resmi taýdan kabul edildi.