Hyzmatdaşlyk
20.04.2023
6159
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy.
20.04.2023
4881
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
20.04.2023
4028
Ýurdumyzyň wekiliýeti Ženewada birnäçe duşuşyklary geçirdi
2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi.
15.04.2023
4849
Samarkantda “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynyň 6-njy ministrler duşuşygy geçdi
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
10.04.2023
10474
Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar
Golaýda Türkmenistan 2024-2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy, ýurdumyzyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijelidiginiň ýene bir subutnamasy boldy.
07.04.2023
4519
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
07.04.2023
11199
Türkmenistan we Türki Döwletleriň Guramasy hyzmatdaşlygy ösdürýär
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
07.04.2023
4725
TÜRKSOÝ-yň Baş Sekretary bilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
04.04.2023
5808
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Syýasat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk seljerişi boýunça bölümiň Direktorynyň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikde maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça Seksiýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşygy geçirildi.
04.04.2023
4953
Dostluk we hoşmeýilli goňşuçylyk däplerine eýerip
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer, olarda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.