mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýet

news-photo

30.04.2024

total-veiw

5035

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär

Şu günler Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlanar.

news-photo

30.04.2024

total-veiw

5885

Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy

Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

news-photo

30.04.2024

total-veiw

7945

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň körpe okyjylary «Türkmen ertekiler dünýäsine» syýahat etdiler

«Türkmen ertekiler dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi çagalaryň iň söýgüli ýerleriniň biridir. Hut şu ýerde özüňi, göýä jadyly ertekileriň taryhyna düşen ýaly duýup bolýar, meşhur gahrymanlar bilen duşuşyp bolýar we elbetde, açyk, arassa howada oýnap bolýar. 


news-photo

30.04.2024

total-veiw

5298

Çagalaryň sanjym baradaky düşünjelerini artdyrmak üçin ýurdumyzyň mekdeplerine «Immun patruly» maksatnamasy hödürlendi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy tarapyndan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligine mekdep okuwçylary üçin türkmen dilindäki «Immun patruly» oýun modulynyň ilkinji nusgasy hödürlendi.

news-photo

29.04.2024

total-veiw

5951

Geljek hepdede ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Hepdäniň ahyrynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagyş ýagar, howanyň temperaturasy + 34 gradusa çenli gyzar.

news-photo

29.04.2024

total-veiw

4973

Ýurdumyzda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak öwrenilýär

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Peýdanyň köplügini gazanmak üçin Aral deňziniň basseýnindäki ýer baýlyklaryny we tebigy ekoulgamlary gorap saklamak hem-de durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde geçirilen maslahat öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmaga bagyşlandy.

news-photo

26.04.2024

total-veiw

6655

«Ýaş tebigatçy» guramasy iki bäsleşigiň jemini jemledi

«Ýaş tebigatçy» Jemgyýetçilik guramasy ýaş nesliň daşky gurşaw meselelerine ünsüni çekmek babatda işjeň iş alyp barýar. Bahar paslynyň başyndan bäri bu gurama döredijilikli çemeleşmeli ekologiýa çärelerini amala aşyrdy.

news-photo

25.04.2024

total-veiw

9256

“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.

news-photo

25.04.2024

total-veiw

6096

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

news-photo

24.04.2024

total-veiw

7296

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.

...406