Jemgyýet
02.06.2023
4215
Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi
Arkadag şäheri möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýär. Ol 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriler.
02.06.2023
8526
Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar.
02.06.2023
5036
Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy
Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher ̶ Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy.
02.06.2023
13426
«Awaza» şypahanasy – jana şypaly melhemler mekany
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň sany günsaýyn artýar.
01.06.2023
5624
Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.
01.06.2023
7073
Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Balkan welaýat merkeziniň binagärlik gözelliginiň üstüni ýetirdi.
01.06.2023
3747
Türkmenistan gümrük işini has-da kämilleşdirýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrma bölüminiň işgärlerinden ybarat topar sebitleýin seminara gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň gümrük edarasynyň web-saýtynda habar berilýär.
31.05.2023
9536
Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili
Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarynyň baş maksadydyr.
31.05.2023
5065
«Daşkent» dynç alyş seýilgähi ýaşajyk aşgabatlylary myhmansöýerlik bilen garşylady
Dürli reňkli şarlar bilen baý bezelen «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzyň ýaşajyk ýaşaýjylary üçin köpçülikleýin çäre geçirildi. Çäräniň guramaçysy bolan Bagtyýarlyk etrap häkimligi çagalar üçin ýatdan çykmajak baýramy guramak üçin köp işler edipdir.
29.05.2023
4742
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça okuw çäresi geçirildi
2023-nji ýylyň 22-26-njy maýy aralygynda Bütindünýä gümrük guramasynyň ýardam bermeginde we Hytaý gümrük hyzmatdaşlygy gaznasynyň (CCF China) hemaýatkärliginde Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça okuw çäresi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň gümrük edarasynyň web-saýtynda habar berýär.