Jemgyýet
10.04.2023
5361
Ýurdumyzda howanyň gyzmagyna garaşylýar
Şu hepde ýurdumyzyň birnäçe sebitinde +40 gradusa çenli yssy howa bolar we ýagşyň ýagmagyna we güýçli ýeliň öwüsmegine hem garaşylýar. Dynç günleri howanyň temperaturasy kadaly ýagdaýa geler.
08.04.2023
77403
Ogulabat Berdimuhamedowa (1937 – 2023)
Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.
06.04.2023
7546
Metbugat beýannamasy
Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr.
06.04.2023
5145
Serhetara jenaýatlary derňemek bilen meşgullanýan hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin milli okuw maslahaty geçirildi
2023-nji ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMCA 10) çäklerinde serhetara jenaýatlary derňemek bilen meşgullanýan hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin milli okuw maslahaty geçirildi.
04.04.2023
5756
Türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslary pugtalandyrylýar
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşyna agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi.
03.04.2023
4620
Ýurdumyzda ýagyşly we salkyn howa bolar
Türkmenistanda şu hepde howanyň temperaturasy pes derejede bolmak bilen başlanar.
03.04.2023
6651
BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördi
2023-nji ýylyň 30-njy martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal Maksatnamanyň halkara utgaşdyryjysy jenap Ýusuf Kurbonow bilen bilelikda türkmen-eýran döwlet serhedindäki «Artyk» gümrük nokadyna tanyşdyryş sapary bilen bardy.
01.04.2023
8616
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2023-nji ýyldaky üçünji sany okyjylara ýetirildi. Üç dilde taýýarlanylýan žurnalyň täze sanyndaky makalalardyr çeper eserler şanly ýylyň wakalarynyň beýanyna öwrülipdir.
31.03.2023
5757
Türkmenistan haýyr-sahawat görkezijileri boýunça Merkezi Aziýada öňdäki orunda durýar
Türkmenistan World Giving Index (WGI)-iň 2023-nji ýylda neşir edilen ýyllyk hasabatynda haýyr-sahawat boýunça dünýäniň 126 ýurdunyň arasynda ilkinji 20-lige girdi.
30.03.2023
6216
Türkmenistan we GIZ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) Sebitleýin maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Berlin şäheriniň kazyýetiniň kazysy Ý.Pudelka bilen duşuşygy bolup geçdi.