Jemgyýet
28.10.2022
6372
Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi.
28.10.2022
7620
Ýewropa ýurtlarynyň halklarynyň tagamlary
Türkmenistanda geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Latwiýanyň, Polşanyň, Belgiýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň we Italiýanyň milli tagamlary dadylyp görüldi.
28.10.2022
4587
Kokand türkmen fotožurnalistleriniň gözi bilen
Türki döwletleri guramasynyň (TDG) kätipliginiň kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Kokand şäheri 2022-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edildi.
26.10.2022
10162
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilmegi ýola goýlan Türkmen alabaýynyň baýramy şu ýyl ilkinji gezek 30-njy oktýabrda bellenip geçiler. Şu mynasybetli 26-30-njy oktýabr aralygynda baýramçylyk mynasybetli dürli çäreleriň guralmagy hem meýilleşdirildi.
25.10.2022
5536
Ýurdumyzda aram salkyn howa bolar
19-njy oktýabrda ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendaga ilkinji gar ýagdy. Häzirlikçe sebitlerde we şäherlerde ygal bolar diýlip çak edilmeýär. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy ortaça +25 gradus bolar.
22.10.2022
9053
Tokaýlar hakda aladalar
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzyň demirgazygyndaky tokaýlaryň genetika goruny we biologik köpdürlüligini saklap goramak babatdaky işleri yzygiderli amala aşyrýarlar.
21.10.2022
8953
Russiýanyň ýokary mekdebi türkmen raýatlary üçin rus dili we medeniýeti okuwlary açýar
W.G. Korolenko adyndaky Glazow döwlet mugallymçylyk instituty Açyk bilim merkeziniň rus dilinde alyp barýan işini kämilleşdirmek maksady bilen, birbada Türkmenistanyň raýatlary üçin 20 sany okuwlaryny açdy.
20.10.2022
5616
Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.
20.10.2022
3583
Ildeşlerimiz ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi babatyndaky tejribäni özleşdirýär
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirilen şäher gurşawynyň durnukly ösüş faktory hökmünde ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi boýunça okuw tapgyry tamamlandy.
20.10.2022
5938
Amatly şäher gurşawy
Döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryna laýyklykda Daşoguz şäherinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.