Ylym
02.07.2025
2520
ABŞ-nyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Florensiýada duşuşyk geçirdiler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň wekilleri ylym we bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.
02.07.2025
2312
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary «Hakyda otlusy» diýen çärä gatnaşýarlar
Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan ybarat topar 20-nji iýundan 5-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynda we Belarus Respublikasynda geçirilýän «Hakyda otlusy» atly medeni-bilim çäresine gatnaşýarlar.
01.07.2025
1929
Özbegistanyň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 25-nji iýundan 4-nji iýula çenli döwürde guralan okuw-önümçülik tejribeligini geçýärler.
30.06.2025
3873
Ildeşimiz «Technovation Girls» maksatnamasynyň «GALA-2025» atly abraýly baýragynyň eýesi boldy
«Technovation Girls» halkara maksatnamasynyň Türkmenistandan bolan ilçisi Saparguly Magtumow «Ilçileriň Liderligi Bütindünýä Sylagy» – «GALA-2025» («Global Ambassador Leadership Award») abraýly baýragyň eýesi boldy.
30.06.2025
3048
Türkmenistanyň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen halkara bäsleşikde altyn medal gazandylar
Türkmenistanyň ýaş alymlary 26-30-njy iýun aralygynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen «Borneo BIICC-2025» («Borneo International Innovation Creativity Competition») atly abraýly halkara bäsleşikde uly üstünlik bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.
27.06.2025
3223
Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
25-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
27.06.2025
3312
Türkmenistanyň we Hindistanyň seljerijileri dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülereini gurýarlar
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň işgärleriniň Hindistanyň “DAKSHIN” Ählumumy Günortasynyň öňdebaryjy tejribeler merkeziniň hünärmenleri bilen geçirilen tanyşlyk onlaýn-duşuşygy hyzmatdaşlaryň nobatdaky we geljekde-de geçiriljek duşuşgy boldy.
27.06.2025
2746
Türkmen wekiliýeti Hanty-Mansiýskide geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
25-27-nji iýun aralygynda Russiýanyň Hanty-Mansiýsk şäherinde “Sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumat we kommunikasiýa: görünýän we görünmeýän täsirler” atly VII halkara maslahat boldy. Ol ÝUNESKO-nyň “Maglumat hemmeler üçin” diýen hökümetara maksatnamasynyň hem-de XVI halkara IT-forumyň çäklerinde geçirildi.
26.06.2025
3724
Türkmenistanda resweratrol almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynda gyzyl üzümiň giç bişýän görnüşinden bioflawonoid resweratroly almak boýunça ylmy barlaglar geçirildi.
26.06.2025
3293
Öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlary sylaglandy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlaryny sylaglamak dabarasy boldy.