24.11.2021
7243
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.
24.11.2021
9403
Taryhy-medeni miras — milletiň ruhy baýlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde neşir edilýän “Miras” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
24.11.2021
20041
Türkmenabatda garyşyk mineral dökünler zawody gurlar
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhana gurmak boýunça işler alnyp barylýar.
24.11.2021
67153
Gara gyş hakynda
Türkmenleriň milli ýyl senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyz gyş paslyny dörde bölüpdirler. Akrabyň gutarmagy bilen howanyň sowamagy garagyşyň gelendigini mälim edýär. Gara gyş noýabr aýynyň 23-inden başlap 7-nji dekabra çenli dowam edýär.
24.11.2021
4828
Hyratda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Hyrat şäherine bolan saparynyň çäklerinde Owganystanyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
24.11.2021
5735
Türkmen kinosynyň wekilleri halkara kinofestiwalyna gatnaşýarlar
Belarus Respublikasynyň paýtagtynda «Листопад» XXVII Minsk halkara kinofestiwaly işläp başlady, onuň çäklerinde Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli kinostudiýalarynyň mejlisi geçirildi.
24.11.2021
6924
Gara gazmanyň gudraty
Ady rowaýata öwrülen, türkmen sazynyň şöhratyny Arşa göteren meşhur Şükür bagşynyň doglanyna şu ýyl 190 ýyl dolýar. 1931-nji ýylda ýüz ýaşa ýetip aradan çykan Şükür Dowat ogly, türkmen halkynyň hakydasynda ýaşaýar.
24.11.2021
4937
Lebap welaýatynda şaly oragynyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi
Welaýat boýunça 2021-nji oba hojalyk ýylynda jemi 10 müň 200 gektar ýere şaly ekilip, ondan 47 müň 600 tonnadan gowrak şaly hasyly alyndy.
24.11.2021
10085
Türkmenistandan we GDA agza döwletleriniň talyplaryň arasynda rus dili boýunça bäsleşik
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistandan we GDA agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplarynyň arasynda yglan eden bäsleşigi «Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili» diýlip atlandyrylýar.
24.11.2021
20613
Türkmenistanda köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy peseldildi
2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar güýje girer.