25.11.2021
6280
YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar
Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.
25.11.2021
6083
Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerini pugtalandyryp
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
25.11.2021
7688
Fransuz dili mugallymlarynyň Halkara güni
Her ýyl fransuz dili mugallymlarynyň Halkara güni noýabryň soňky penşenbesinde baýram edilýär. Bu baýram Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň başlangyjy bilen döredildi we ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda geçirildi.
25.11.2021
5909
Awtoulag benzininiň eksporty artýar
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet komitetiniň statistika boýunça metbugat gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistan Respublikasy 300 million litr benzini daşary ýurtlardan satyn aldy. Eziz Diýarymyz goňşy döwlete awtoulag ýangyjyny satýan ýurtlaryň arasynda Russiýadan soň ikinji ýerde durýar.
25.11.2021
8468
«Altyn Asyr» topary ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» 2:0 hasabynda utup, taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy.
25.11.2021
5883
Aragatnaşyk ulgamynyň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylýar
Poçta işiniň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işläp taýýarlandy.
25.11.2021
13061
Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk
Tutuş dünýäde bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda Täze ýyl baýramyna – dünýäniň ähli halklaryny, ululary we çagalary gyzyklydan şatlykly üýtgeşmelere garaşmak bilen birleşdirýän baýramçylyga taýýarlyk görülýär.
25.11.2021
4963
XV asyryň «Gözellik öýi»
Aşgabadyň etegindäki Änew obasynyň golaýyndaky beýik baýyrda bina edilen Seýit Jemal ed-Din orta asyr metjidi 1948-nji ýylyň ýer titrremesinde weýran bolýar. Şeýle bolsa-da, häli-häzire çenli zyýarat edilýän bu ýeriň binagarlik ähmiýeti hem bar. Toplumda: metjit, onuň öňündäki gubur we beýik gümmezli iki zal bar.
25.11.2021
5170
Türkmenistanyň wekilýeti BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa üçin täze sebitleýin Maksatnamasyna işe girizmek dabarasyna gatnaşdy
Daşkent şäherinde BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi.
25.11.2021
7841
Ömrüni sungata baglan
Tanymal bagşy Amanbibi Welmyradowa köp çagaly maşgalada ösüp kemala geldi. Mekdebi tamamlandan soň Amanbibi tutanýerliligi bilen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär.