28.05.2021
5497
Türkmen ýokary okuw jaýy rus dilini öwrenmegiň jähetlerine bagyşlanan foruma gatnaşdy
27-nji maýda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsullygynyň goldawy bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat şäheri) talyplary slawýan ýazuwynyň we medeniýetiniň gününe gabatlap geçirilen «Rus diliniň kognitiw, kommunikatiw we didaktik jähetleri» atly daşary ýurtly talyplaryň III ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar.
28.05.2021
5189
«Türkmen şöhle» şereketi gaplama serişdesiniň täze görnüşlerini bazara çykardy
Plastmassa önümlerini öndürýän «Türkmen şöhle» hususy kärhanasy gaplama serişdeleriniň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirdi. Azyk önümleri üçin düýrlenen görnüşli dartma plýonkalara uly isleg bildirilýär. Ony ýerli polimerlerden – nebit-gaz senagatynyň kärhanalarynyň çykarýan pes dykyzlykly polietilenden öndürýärler. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýan ýokary hilli çig mal telekeçilere dünýä bazaryna çykarmaga laýyk eksport harytlaryny öndürmäge mümkinçilik berdi.
28.05.2021
1704
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmaga başladylar
Watanymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň ilkinji kilogramlary Görogly etrabynyň kärendeçilerinden gelip gowuşdy, olar şertnamanyň essynda 80 tonna piläni ýurdumyzyň ammaryna tabşyrmaga borçlandylar. Şu ýyl tutuş Daşoguz welaýaty boýunça jemi 500 tonna pile taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu jogapkärli işe 30 müňe golaý kärendeçi gatnaşýar.
27.05.2021
29213
Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.
27.05.2021
4739
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
27.05.2021
5677
Taryhy-medeni miras halkyň müdimi baýlygydyr
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
27.05.2021
3231
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu günler Parlamentara bileleşigiň wideomaslahat görnüşinde geçirilýän nobatdaky assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşýarlar, maslahat şu gün — 28-nji maýda tamamlanýar.
27.05.2021
6934
Özbek şahyry Abdylla Arypowyň eserleri türkmen diline terjime edildi
Özbegistanyň Gahrymany Abdylla Arypowyň türkmen dilinde neşir edilen saýlanan eserleriniň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi.
27.05.2021
2450
Türkmenistanyň we Ysraýylyň DIM-niň wekilleri «C5+1» formatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
27.05.2021
3621
Rumyniýanyň paýtagtynda türkmen haly senedine bagyşlanan sergi açyldy
Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasy Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýi bilen bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we ýurdumyzda maýyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan medeni çäre geçirdi.