09.02.2021
10953
Daýhan hojalyklarynda kartoşka ekilýär
Ýurdumyzyň ekarançylary kartoşka ekişine girişdiler. Bu ekin üçin hojalyklara mes torpakly ýerlerden birnäçe müň gektar meýdan bölünip berildi. Lebap welaýatynyň hojalyklary amatly howa şertlerinden peýdalanyp, ilkinjileriň hatarynda ekişe başladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berişleri ýaly, Çärjew etrabyndan «Tebigy Ekin» daýhan hojalygy 420 gektardan gowrak, Dänew etrabyndan «Jadyly mukam» daýhan hojalygy 40 gektardan gowrak ýere kartoşka ekdiler. Saýat we Dänew etraplaryndan telekeçiler Babamyrat Döwranow bilen Nurmyrat Nuryýew bu ýokumly ekin ekmek üçin kyrk gektar ýeri taýýar edip goýdular.
09.02.2021
6629
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
09.02.2021
3357
Resmi habar
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda we ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky Düzgünnama, nyşanyň ýazgysy hem-de şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.
08.02.2021
8656
Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary
Aşgabadyň çeper haly önümleri kärhanasynyň halyçylary ýanwar aýynda bir ýüz ýigrimi inedördül metr haly we haly önümlerini taýýarladylar. Paýtagtly halyçylar täze önümçilik kuwwatlyklaryny üstünlikli özleşdirýärler. Dik taralaryň ýigrimisinde 2,5 inedördül metrden 5 inedördül metre çenli düşeklik, on tarada bolsa – çeper pannolar, haly portretleri we manzarly halylar dokalýar. Taralaryň ýene ýedisi sowgatlyk haly önümleri üçin niýetlenendir.
08.02.2021
12834
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
08.02.2021
3354
Türkmenistan-Owganystan energiýa köprüsini çekmegiň möhüm tapgyry geçildi
Gurluşykçylar güýji 220 kW Türkmensitan-Owganystan elektrik geçirijisiniň iň möhüm desgalarynyň birinde işleri tamamladylar. Geljekki EGL tok berjek Mary DES-inde taslamanyň başlangyç nokady bolan açyk tok bölüji enjamy giňeltmek işleri tamamlandy. «TAP» kompaniýasy 260 kilometrlik ýokary woltly liniýanysyna maýa goýujydyr we onuň iş tabşyryjysydyr.
08.02.2021
6868
Ýaşlar bilen işlemek – ileri tutulýan ugur
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň başlangyjy bilen geçirilen brifinge ýerli telekeçiler, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem-de mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
07.02.2021
4839
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
07.02.2021
3696
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçüliklýin habar berş serişdeleiniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş seridelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.