20.06.2024
6417
Suwhan Öwezgeldiýew Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyny eýeledi
Türkmenistanly türgen Suwhan Öwezgeldiýew Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde geçirilen söweş sambosy boýunça halkara Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyna eýe boldy. Aşgabat şäher prokuraturasynyň işgäri 88 kilogram agram derejesinde finalda russiýaly Iwan Intýuhowy ýeňip, şeýle üstünlik gazandy.
20.06.2024
9018
Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlanýar
22 – 27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçiriler.
20.06.2024
5441
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wengriýa sapary amala aşyryldy
2024-nji ýylyň 18-nji iýunynda Budapeştde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna – Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi.
20.06.2024
4659
«Balkansement» zawodynda önümçilik depgini barha ýokarlanýar
Çalt depginlerde ösýän milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda eziz Diýarymyzyň gurluşyk senagaty hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli ösüşleri başdan geçirýär.
20.06.2024
8809
Teatryň Magtymguly Pyragy hakynda täze spektakly
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe mynasyp sowgat taýýarlady.
19.06.2024
26378
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar.
19.06.2024
7573
Türkmenistanly kuraş ussatlary Eýranda geçirilen Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar
Türkmen pälwanlary Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen Kuraş boýunça 13-nji Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar.
19.06.2024
5751
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli edebi agşam geçirildi
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» atly edebi agşam geçirildi.
19.06.2024
4496
Önümçilige täze höweslendirme
2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, şala döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy Daşoguz welaýatynyň daýhanlary üçin möhüm oba hojalyk önümini öndürmäge höwesi artdyrdy.
18.06.2024
9248
2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek geçen aýda geçirilen köp sanly çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, sergilerde, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň görkezijileridir.