10.03.2024
4201
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu mukaddes aý taryhynyň, diliniň, dininiň, medeniýetiniň umumylygy bilen baglanyşan özbek hem-de türkmen halklarynda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredýär.
10.03.2024
7193
Türkmenistanly hokkeýçiler 2024-nji ýylda GAR-da geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynyň «B» toparynyň üçünji diwizionynda kümüş medal eýelediler
Türkmenistanyň ýetginjekler milli ýygyndy toparynyň hokkeýçileri dört toparyň gatnaşmagynda Keýptaunda (GAR) geçirilen 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatynyň «B» toparynyň üçünji diwzionynda kümüş medal gazandylar.
10.03.2024
5546
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy.
10.03.2024
6684
«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny uly ýeňiş bilen başlady
Çarşenbe güni wise-çempion «Altyn asyrdan» 3:0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň 32-nji futbol çempionatyna uly ýeňiş bilen başlady.
09.03.2024
10183
2024-nji ýylyň 11-13-nji marty aralygynda Aşgabatda Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler
Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli düzümlere 2024-nji ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
09.03.2024
5992
Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji martynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili W.Hajiýewiň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen Halkara hristian haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşygy guraldy.
09.03.2024
6279
Nusgawy eserleriň konserti we başga-da ençeme baýramçylyk sowgatlary
«Watan» kinokonsert merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli nusgawy sazlar konserti hem-de köpsanly garaşylmadyk mähirli sowgatlar boldy.
09.03.2024
7674
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kompozitorlar bäsleşigi dünýä sazandalary üçin açyk
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri» atly kompozitorlar bäsleşigine arzalary kabul edip başlandygyny habar berdi. Iki tapgyrda geçýän bu bäsleşik bütin dünýä sazandalary üçin açykdyr.
09.03.2024
6382
Daşoguz welaýatynda ýeralma ekilýär
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary ýeralma ekişine girişdiler. Geçirilen agrotehniki çäreler netijesinde bu oba hojalyk ekinine bölünip berlen ýerler, tohum materiallary we zerur enjamlar jogapkär çärä öz wagtynda hem-de gowy hilli taýýarlanyldy.
09.03.2024
5832
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 9-njy fewralynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de 22-nji fewralynda geçen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan tegelek stol guraldy.